N.T.
28.11.2021 14:20
Men seni söýýän

Dagdan ynam bilen düşdüm yzyňa,
Daş deý ykraryma ömürlik uýýan.
Iller näme diýse diýibersinler,
Meniňki şol bir söz: – Men seni söýýän.

Söýmek hem söýülmek ýüregiň derdi,
Hersi bolup biler bu juwanlykda.
Kimmişin ol meni söýeňok diýip,
Seni aýyplajak biwepalykda.

Ýöne rastyn diýmän gizlenseň eger,
Gutulyp bilersiň. Öňünden duýýan.
Diýerin men saňa bir ýerden jyklap,
Meniňki şol bir söz: – Men seni söýýän.

Garaňky gijeler azaşsaň ýalňyz,
Menem gara gijä tutup ýüzümi.
Duýdurman öňüňden çykaryn birden,
Hemem gaýtalaryn şol bir sözümi.

Meni söýseň iki ýürek birleşip,
Bir ýürek boljagyn öňünden duýýan,
Eger-de söýmeseň…Söýmeseň söýme,
Meniňki şol bir söz: – Men seni söýýän.


Awtory: HALYL KULYÝEW
6
113
N.T.
28 Noýabr 2021
Гульхан,hanym,aydanyñyz un sag boluñ internet maglumat shey dp duransoñ yazaydm haz duzederin
Melikee
28 Noýabr 2021
Aslynda menem haýran galdym."Bu goşgy Kerim Hallyýewiňki ekenow"diýip .

Teswir ýazmadym şonuň üçin.Goşgy gowy ýöne .
Gülhan
28 Noýabr 2021
Awtory Kerim Hally däl, Halyl Kulyýew. Nirden okadyň?

Kerim Hallyn Edil şuna meňzeş başga goşgusy bardy, yöne bu oňky däl
N.T.
28 Noýabr 2021
Banucıcek,bary yogy 3sozden ybarat sozum bar diysene😁😁😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.