DEGMÄŇ SIZI SÖÝENLERIŇ GÖWNÜNE...
Duýgy bar,ýürek bar,duýgy bar bizde,
Bäş gün syýahatlyk döwür bar bizde,
Sürer ýaly näme ömür bar bizde,
Degmäň sizi söýenleriň göwnüne.
~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~
Hany wepalylyk,hany sadalyk,
Seret ömür barýar halys azalyp,
Emma döwür gidäýmedi düzelip,
Degmäň sizi söýenleriň göwnüne.
~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~
Goý ýaşalsa söýgi bilen ýaşalsyn,
Gara gözler bagt bilen ýaşarsyn,
Ýer üstünde näçe wagt ýaşarsyň,
Degmäň sizi söýenleriň göwnüne.
~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~
Söýgi ýokmuş ýalanmyşyn diýýäler,
Sen bolmasaň senemmişin diýýäler,
Bir zat dogry,öleňden soň söýýäler,
Degmäň sizi söýenleriň göwnüne.
~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~
Size diýýän,söýgi belent kesekden,
Giç bolansoň peýda ýokdur jesetden,
Boldy şahyr,janyň ýakma bes et sen,
Degmäň sizi söýenleriň göwnüne...
Osman Aşyrowyň "ESGER ÖLMEÝÄR"
atly goşgylar ýygyndysyndan.