Biri bilen durmuş gurmazdan ozal berilmeli soraglar;
27.11.2021
0.9
Durmuş
33
2 562
Biri bilen durmuş gurmazdan ozal berilmeli soraglar;
Men bu ynsan bilen bir öýde gowy wagt geçirip bilerinmi? Kynçylyklara bilelikde garşy durup bilerismi? Gören filmlerimi, okan kitaplarymy, başdan geçiren kynçylyklarymy we bagtymy onuň bilen paýlaşyp bilerinmi?
Bu ynsan maňa hormat goýarmy? Meniň şahsy duýgularyma hormat goýarmy? Dostlarym bilen duşuşmagyma goşulşarmy? Meni tananda, bar bolan endiklerim soňundan problema bolarmy?
Meni men bolanym üçin söýermi? Kalbymy söýermi? Maňa düşünermi? Meni diňlärmi? Ýeri gelende geçirimlilik etmegi bilermi?
Näme bolsa bolsun, düşege öýkeli geçilmez diýermi? Özüne wagt aýryp, ýeke özi wagt geçirip bilermi? Men birzat etmek islesem hormat goýarmy? Maşgalama hormat goýarmy?
Hemme zadymy ýitirsem, saglygymy, malymy, mülkimi, gözelligimi, owadanlygymy, ýaşlygymy ýitirsem ýanymda bolarmy? Ol bulary ýitirse, men onuň ýanynda bolarynmy?