Jenap_02
27.11.2021 18:12
IÑ GOWY DOSTUMA MASLAHAT

"Gyzy synlamasaň, göwni galar."
Nakyl.

Bir gyz toýa gelipdir, bak,
Mahmal dodak, mahmal gabak,

Saçlaryny bezedipdir,
Kirpiklerin gezedipdir.

Gaşlary-da gerilip dur,
Gyz gözlere, gör, ilip dur.

Elleri ak, bilýär ony,
Billere bak, bilýär ony.

Gözlerini süzýär gözel,
Näz kölünde ýüzýär gözel.

Geçjek billeri ýüzükden,
Gelýär ol ýüzüp-ýüzüpler.

Ýöremeýär, göýä balyk,
Haýran oňa bar halaýyk.

Galdyryp bilmeýär ýerden,
Gyz owadan gözlerini.
Saýlap bolmaz bir-birinden,
Ýylgyrşyny-sözlerini.

Ýylgyrjyraýar, utanýar,
Aslynda ol utanmaýar.

Buýsanýar ol öz görküne,
Buýsanjy däl öz erkine.

Gör, görünjek bolýar gözel,
Her görünjek bolýan gözel
aýna bakyp taýýarlanýar,
gije-gündiz toýdan ozal.

Seret, ol surata düşýär,
Tawus ýaly saýlanjyrap,
Garlawaç ýaly keýerýär,
Aýlanjyrap-aýlanjyrap.
Sona ýaly sallanjyrap,
Serçe ýaly pysyrdaýar.
Ýanyndaky joralarna,
Gör, nämeler pyşyrdaýar,
Ony özi-de bilmeýär,
Bilmeýär ony Hudaýam,
Ýöne...
Gyz aşygna bakman bilýär,
Ol nirede, näm iş edýär....
...Ýagdaýy nä, haly nedir?
Neneň etdi atylan ok?

Göz-göz saçynyň her tary,
Göz-göz gaşynyň her tary.

Oglan, indi sypmarsyň sen,
Gözleriňem gyrpmarsyň sen.

Bak, sen oňa aňk bolup, bak,
Gözleriň bilen habar gat.

Hiç kim senden görmez geň-taň,
Hijem sizi bolmaz aňtan.

Gaňrylyp-gaňrylyp gara,
Garaýyşyň oňa ýarar.

Goý, ynansyn jadylanna,
Duýsun özün adaty däl.

Bar, sen onuň ýanyna bar,
Gözlerne bak, sözsüz ýalbar.

Haýran bol, geýen köýnegne,
Gowudyr ol, müň öwgüden.

Ynan, şuňa ilki özüň,
Geregi ýok onsoň sözüň.

Oňarsaň, hiç zat gürleme,
Diňe seret hemem neme...

Gyzlar oňat görýär, belle,
Öz daşyndan pyrlanylsa,
Ha-as ynjyk bolýandyr, entek,
Yrlanynsoň, yrlanynsoň...

Oňa gerek däl sowgadyň,
Gerek däl oňa gutlagam,
Oňa seň bakanyň gerek,
Hem oň jadylap utmagy.

Pyrlan, daşynda elek bol,
Özün melikedir öýtsün.
Golliwudda aktrisa...
Lybas görkezýändirin öýtsün.

Gyzlaryň uçýandyr guşy,
Ýanyna baryp bilmeseň,
Arkaýyn gürläp bilmeseň.

Gyzlaryň uçýandyr guşy,
Gürlemeseň ýanna baryp,
Diňe haýran bolup dursaň.

Gyzlaryň uçýandyr guşy,
Bakyp bilmän, gürläp bilmän,
Tapman dursaň, ebeteýin.

Ýöne olar uzak bolman,
Tamamlansa, öz wagtynda,
Hemişeki ýaly gyzlar,
Batyrja hem dogumlyja,
Öz awuny sypdyrmaýanÝigitleri halaýandyr.

Bar, sen onuň ýanyna bar,
Gözlerine bakyp, ýylgyr,
Çagyr sen ony ak tansa,
Çagyrmak ýönekeý, aňsat.
Bar, sen onuň ýanyna bar,
Gözlerne bak, sözsüz ýalbar.
12
183
Kümüşş
27 Noýabr 2021
😁😁😁🤭🤭👏🏻👏🏻👏🏻
Melikee
27 Noýabr 2021
😁👏👏👏👍.....
Dusia
27 Noýabr 2021
😂😂😂sen aytsaň dogrydyr 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.