26.11.2021

1
Zehiniň 9 görnüşi.
Zehiniň şunça köp görnüşi bar bolsa-da, bilim ulgamynyň okuwçylara ýükleýän iki sanysy bar: Logiki (matematiki) zehin we Lingiwistik zehin (daşary ýurt dil bölümleri hem lingiwistik zehiniň içindedir).
Synaglara bu ikisi bilen girseňiz we işlejek hünäriňize garamazdan, bu iki zehin görnüşiňiz ýokary bolsa akademiki taýdan üstünlik gazanyp bilersiňiz.
Näçe gowy ritmiki ýa-da sosial zehiniňiz bar bolsa-da, bu bilim ulgamyny gyzyklandyrmaýar. 9 sany zehin görnüşi bar bolsada diňe iki görnüşe ünsi jemlemegiň netijesinde, hatda maşgalalaram akyldar çagalaryny ukypsyzdyr diýip pikir edip bilýärler.
Matematikadan ýa-da dilden üstünlik gazanyp bilmezligi çaganyň ukypsyzdygyny ýa-da samsykdygyny aňlatmaýar. Bu bilim ulgamynyň ýalňyşy.
Çaga matematika düşünmese-de, akylsyz maşgalalar çagalaryny matematikadan şahsy sapak almaga mejbur edip, çäklerini zorlap, zorluk astynda işlemäge mejbur edip depressiýa düşen çagalary ýetişdirýärler.
Mysal üçin: surat çekmek wizual zehine girýär we bu edilýän zat surat çekmek zehinine eýe bolmadyk adamdan ajaýyp suratlar çekmegini islemek ýalydyr.
Hakykatdanam, siziň zehiniňiz näme we sizi haýsyna mejbur edýärler?