zver1
18.01.2020 16:37
Şeýtanyň 7 görnüşi.

Hezreti Aýşanyñ (r.a) şeýle diýendigi rowaýat edilýär: "Sahabalardan bir topary Allanyñ Resulynyñ (s.a.w) ýanyna gelmek üçin üýşüpdirler. Olaryñ arasynda Ebu Bekir, Osman, Aly, Selman, Ammar ibn Ýasir (r.a) dagylar bar eken. Allanyñ Resuly (s.a.w) olary garşylamak üçin daşary çykypdyr. Pygamberiñ gyzgyny bolansoñ, burçak-burçak derläpdir. Ol alnyny sylyp üç gezek: "Nälet bolsun! Alla nälet etsin oña" diýip başyny öñe egipdir. Hezreti Aly (r.a): "Ene-atam saña gurban bolsun! Sen şumat kime gargadyñ?" diýipdir. Hezreti Pygamber (s.a.w) şeýle jogap beripdir: - Elbetde, peýdasyz Iblise, Allanyñ duşmanyna. Onuñ guýrugy öz artbujagyna girdi we ýedi ýumurtga guzlady. Ynha, şolar, Iblisiñ adamzady ýoldan çykarmak bilen meşgullanýan ogullarydyr. Birinjisiniñ ady Müşhiş bolup, pl alymlary her dürli arzuw-hyýallara itermek bilen meşgul. Ikinjisiniñ ady Hadis bolup, ol adamlary namazdan sowaşdyrmak bilen meşgul. Ol näletsiñem adamlara namazy ýatdan çykardýar, adamlary başga zatlar bilen güýmeýär, köp ukladýar. Irkilen kişä "Sen ukladyñ" diýenlerinde: "O nähili, uklamok men" diýdirip, oña täretsiz namaz kyldyrar. Janym elinde bolan Allaha ant içýärin! Şeýdip namazyny okanlaryñ namaza beriljek sogabyñ ýarysyny ýa dörtden birini beýle-de durdun, zerre sogap gazanmaz. Ortada diñe gazanan günäsi galar. Üçünjisiniñ ady Zelenbur bolup, ol bazarlarda aýlanýar. Satyjylara terezini kem çekmäge, söwdada ýalan sözlemäge, satan harydyny aldap satmaga, satýan zatlaryny geçginli etjek bolup her dürli aldaw-hilä ýüz urmaga iterýär. Dördünjisiniñ ady Betr bolup, ol gyssaga düşen adamy ýaka ýyrtmaga (şermendelik etmäge), ýüzüni dyrtmalamaga, töweregindäki kişilere we emläge zyýan bermäge, gargynç-sögünçli doga-dilegleri etmäge iterýär. Şeýtmek bilen ol ýeter-ýetmezlikden we kynçylykdan gelýän sogabyñ öñüni bentlemäge çalyşar. Bäşinjisiniñ ady Menşüt bolup, ol ýalan-ýaşryk gürrüñleri ýaýratmaga, gep gezdirmäge, adamlary biri-birlerine göwnüýetmezçilik etdirip, adam kemsitmäge iterýär. Adamlar şular ýaly işleri etseler ymgyr köp günä gazanarlar. Altynjysynyñ ady Wasim bolup, ol zyna etdirmek bilen meşgul. Ol peläket erkekleri we aýal-gyzlary biri-birleri bilen zyna etmäge iterýär. Ýedinjisiniñ ady Awer bolup, ol ogurlyk bilen meşgul. Ol näletsiñen ogrynyñ kalbyna: "Et şu ogurlygy. Bergiñden çykarsyñ, yzyndan toba edäýmeli bor" diýip, was-wasylyk salar". Mömin-musulmanyñ etmeli işi - hemişe bu ýedi dürli şeýtana garşy sak durmak we edýän her bir işinde özüni şeýtandan daşdyr öýtmezlikdir (ýagny, hiç bir işde bütinleý dogry iş edýändirin öýdüp, arkaýynlyga düşmeli däl. -t.b.)

Abdylkadyr GEÝLANY.

"Kuran we Hadyslardan öwütler".
12
545
Myhman Myhman
8 Fewral 2020
Gyzyklyja eken??
liliya
18 Yanwar 2020
hazirki adamlar sheytanyn balagynam ters covrup geyizyaler Huday saklasyn.sheytananam ozup baryalar kabirleri??
zver1
18 Yanwar 2020
Amin
Gülhan
18 Yanwar 2020
Пайлашаныныз учин саг болун ?. Аллам бизи шейтанын хилелеринден Ози горасын.???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.