Guljeren
18.11.2021 23:51
HAKYKY SÖÝGI

Owadan baharyň ajap möwsümi,
Daş-töwerek oglan bilen gyzlardy.
Maňa säwlik bilen sataşan oglan,
Bakyşlaňdan ýüzüm ot deý gyzardy.

Deň-duş joralamdan salgymy sorap,
Soňam ençe sapar idäpsiň meni.
Ýalňyş düşen bolup, belgime aýlap,
Bahanajyk tapyp aldapsyň meni.

Ýöränimde ogryn-ogryn esedip,
Gör, näçe saparlar synladyň, oglan?!
Ýüregime şugla saçyp keseden,
Asyl söýgiň özi senmidiň, oglan?!

Kalba hyruç berýär joşan duýgulam,
Menem seni jandan eziz söýüpdim.
Gözlem ýene söýýändigim duýdurar,
Gyza söýgüsini aýtmak aýypdyr.

Seniň päk söýgiňe sowuklyk bilen
Jogap berip, täleýimden sowsam-da.
Ýene hanjar deýin bagryňy dilip,
Yşkym joşup gursagyňy böwsende.

Sowgat edip, ýüregiňi getirdiň,
A, men boldum söýýäniňi duýmadyk.
Şahyr bolmasaňam, waspym ýetirdiň
Söýgi siňen jümleleri aýnadyp...

Garşy çykarma-da seredip durman,
Bu gün güller bilen ýolumy kesdiň.
Ýüregmiň eýesi, eý, sada ýigit,
Seniň yşkyň bütin ömrüme besdir!

Ogulnur PIRJIKOWA.
14
142
Gülhan
19 Noýabr 2021
Guljeren, siz 3iňiz kursdaş öýdýän 😊

Goşgyny haladym
Guljeren
19 Noýabr 2021
Howa kop gosgysy pozulypdyr mende sende bolsa ugraday imodan Maya
Myhman Myhman
18 Noýabr 2021
Su gosgyny Jennet okapdy mende diktafonda yazylany bardy senem sondan aldynmy (Maya)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.