ÜÇDEN SOŇ PUÇ
Bir habarçy, äri bilen 50 ýyllap ýekeje gezegem sene-mene etmän ýaşan zenana sowal berýär:
-Hanym, siz nädip öz ýanýoldaşyňyz bilen şunça ýyllap şeýle agzybir we parahat ýaşaşmagy başardyňyz?
-Munuň ullakan bir syry ýok. Biz nikalaşanymyzdan soň ärim iki ýaby goşulan paýtunyna mündürdi-de, öz mülküne alyp gitdi. Ýolda barýarkak ýabylaryň biri büdredi welin, ärim jinnek ýalam gaharlanman, asudalyk bilen: "Bir!" diýdi. Soňra biz ýolymyzy dowam edenimizde, takmynan 15 minutdan soň şol ýaby ýene-de büdredi. Ýanýoldaşym "iki!" diýdi. Ýöne, ýaby janawere gamçam çalmady, sögünmedem. Haçan-da biz mülkümize ýetip barýarkak ýaňky alaşa üçülenji saparam südenekläp gitdi. Şonda adamym: "Üç!" diýdi-de, kemerine iltelen gabyndan sapançasyny çykarakga, ýaby janaweri atyp göýberdi... Menem elbetde, ol janawere dözmän aglap-eňräp, uly gykylyk turuzdym...
Şu ýerde äri bilen bütin ömrüne agzybir ýaşan hatyn sözüne dyngy berip dymypdyr. Bu wakanyň soňuny bilesi gelip içi byjyklaýan habarçy saklanyp bilmändir:
-Ýeri, onsoň? - diýip sorapdyr.
-Onsoňmy, - diýip göreldeli aýal sogduryp, uludan demini alypdyr: - Ärim şonda maňa garap "Bir!" diýdi...
Çeşme: https://miridei.com/interesnye-idei/life-stories.
Terjime eden Serdar Ataýew
Kitapcy.com