lord
17.11.2021 21:48
Bir oglan söýgilisine guda bolupdyr. Günde duşuşyga baryp ýören oglan, ertir toý diýilen güni gyzyňka duşuşyga barýar. Oglan gyzy görjek bolup äpişgeden jyklanda, gyzyň ejesi gyzyna öwüt berýär:
-Gyzym, birinji gije seniñ öňüňde iki köpri bolar, şol köpriden geçseň, oglany mydama özüňkilik edersiň.
Gyz:
-ol nahili?
Ejesi:
-İkiçäk goýup giderler welin, oglana suw getirip ber, suwsaýan diý. Eger, getirse onda birinji köpriden geçersiň. İkinji gezek oýun eden bolda ýüzüne bir şarpyk çal, yzyndanam oýun etdim diý. Eger zat degmese onda ikinji köprüdenem deçenligiňdir_diýipdir.
Bu gürrüňi eşiden oglan sesini çykarman öýüne gaýdypdyr. Toý bolupdyr, indi ikiçäk galanlarynda gyz:
-suwsaýan suw getiräý_diýipdir.
Oglanam:
-Bolýa_diýip sesini çykarman suw getiripdir.
Gyzam öz ýanyndan birinji köprüdenä geçdim, ikinjä başlaýyn_diýp, şarpyk çaljak bolupdyr welin, oglan elinden tutup, gyzyň aýagyny döwüpdir. Ala goh bolansoň, oglanyň kakasy gelip:
-Näme boldy_diýse, oglan:
 -Gyzyň ejesine jaň edip, gyzyň ikinji köprüden geçip barýarka, köprüden ýykylyp aýagyny döwdirdi_diýiň, diýipdir.

 Çeşme:Oka Oýlan
9
200
Mährem
19 Noýabr 2021
Gowy mysal getirme bolupdyr her kim durmuşda öz ornuny bilmeli erkek erkek ýerinde aýal aýal ýerinde.👍
Myhman Myhman
17 Noýabr 2021
Bolmajak zat
Melikee
17 Noýabr 2021
Oglanam gepçi ekenaý 😂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.