Geliň men size bügün gyzykly bir waka aýdyp bereýin. Egerde size bir adam “2+2=4” diýeni üçin öldürilipdir diýsem ynanardyňyzmy? Içiňizde “hawa” diýýänleriňiz bar bolsa tejribeleriňiz size dogry jogaby berdirdi. “Ýok” diýýänleriňiz bar bolsa wakanyň yzyny okamana dowam ediň, sebäbi durmuşyň bu yüzi tanyşanyňa degýär.
Gadym döwürlerde çyndanam bir adam şeýleräk bir sebäpden öldürildi. Gadym döwür we dogry aýdany üçin öldürilmek diýenimden kelläňize Galileo gelip biler. Ýöne gürrüň ol barada däl. Gahrymanymyz Hippasus. Adyny gaty bir eşitmedik bolup bilersiňiz, ýöne makalanyň soňuna ýeteniňizde tanyşanyňyza şat bolarsyňyz. Hippasus şuwagtky matematika äleminde 2+2=4 derejesinde aýdyň bolan bir hakykatyň üstüni açanlygy sebäpli öldürülipdi. Hany onda wakanyň nähili bolup geçenine seredeliň.
Bu bolan wakanyň Hippasus ýaly möhüm ýene bir gahrymany bar. Olam meşhur akyldar, matematik Pifagor. Gysgaça aýdyp geçsem, Pifagor sanlaryň gatnaşygynyň mukaddesdigine we älemi şolaryň gatnaşygynyň dolandyrýandygyna ynanýardy. Onuň pikiriçe hemme sanlar, bütin sanlaryň gatnaşygyndan emele gelen bolmalydy. Ýagny matematika dilinde aýtsak hemme sanlar rasional sanlar bolmalydy. Onuň pikiriçe bu Hudaýyň gudratydy, durmuşyň sazlaşyk içindeliginiň ýeke-täk subutnamasy hasaplaýardy. Ýagny o wagtlar irrasional sanlar (bütin sanlaryň gatnaşygy bilen aňladyp bolmaýan sanlar) ýokdy.
Pifagor muňa garşy gelip biljek pikirleriň öňüni kesipdi. Onuň pikiriniň garşysyna pikir ýöretmek, onda-da ony subut etmek onuň okuwçylarynyň kellesiniň bir ujundanam geçmeli däldi. Epesli wagt şeýle-de boldy. Tä Hippasus onuň elinde sapak alýança. Pifagoryň bu ynanjyna garşy çykýan ýeke-täk hakykat irrasional sanlar däldi. “0”-hem hiçzada bölünmezlik we hiçzady bölmezlik arkaly Pifagoryň ynanjyna ters gelýärdi. Ýöne 0 munyň jezasyny ölüm bilen däl-de, ýene birnäçe asyr grek matematikasyna girip bilmezlik bilen çekdi.
Has dogrusy bu jezany grekler çekdi. Ýöne Hippasusda ýagdaý has pajygaly boldy. Hippasus irrasional sanlaryň bardygyny Pifagoruň söýgüli we mukaddes şekili bolan dörtburçlygyň içinden çykardy. Ýylanyň ýigreneni narpyz olam hininiň agzynda bitermiş diýleni. Bu ýagdaýyň subutnamasy Pifagory däliretdi. Dörtburçlygyň diagonaly irrasional san bolan “kök iki”niň gatlary çykýardy. Ýene bir garaşylmadyk ýagdaý bolsa “Altyn gatnaşyk-Golden ratio” nyň irrasionallygy boldy. Altyn gatnaşyk Pifagoryň iň söýgüli sanydy, ýöne ol hem irrasionallygy bilen Hippasusyň tarabyny çaldy.
Garaz şeýdip garaşylmadyk ýerlerden çykan irrasional – ynanja ters, kanun bozujy – sanlary iň owadan ýerlerde gören Pifagor, Hippasusyň ölüm emrini berdi. Pifagor irrasional sanlaryň subutnamasyna düşünmejek derejede bilimsiz däldi. Eger Hippasusyňky ýalňyş bolsady ony subut edip bilerdi. Ýöne özüniň ýalňyşandygyny kabul edip bilmejek derejede kejirdi. Hippasus aýdyň subut eden hem bolsa irrasional sanlar ýyllar boýy kabul edilmedi.
Müňlerçe adam ýyllar boýy iki goşmak ikä dört diýip bilmedi. Olar hakykaty her agzamak islänlerinde Hippasusyň çalynan damagyny ýatladylar. Bu gorky adamlary ýüzlerçe ýyl pi sanynyň, altyn gatnaşygyň we beýleki owadan irrasional sanlaryň getirjek özgertmelerinden mahrum etdi. Pifagoryň özem Hippasusdan soň kän ýaşamady. Ýöne adamlarda hakykaty aýtmaga bolan gorky juda kän ýaşady.
Taryhda her haçan özüni subut etmek üçin damak çalanlar bolar. Hakykaty ganlary bilen jar çekenler hem bolar. Ýöne ikisindenem gynançly zat, bularyň ikisini hem sessizlik bilen synlap oturjak, iki goşmak ikä dört diýip bilmejek adamlar hem bolar.
2+2=???
Muny okap yene-de 4 diymekden gorkup ýörmäñ.Sizi indi hic kim öldürmez.O döwur indi yzda😄😄😄
Ýazan: Galamkesh