Gereksiz düşünjeler!
05.11.2021
1
Psihologiya
20
1 359
Näme üçn bu 9 düşünjäni biz aradan aýyrmaly?

Siz nähili adam bolsaňyzam, nähili maksadyňyz bolsada, bu durmuşda nähili ýaşaýan bolsaňyzam men bir zady bilýän size bu durmuşda BAGT gerek. Elbetde ol biziň her birimize gerek. Ýöne adamlar öz bagtyna ýetmekden geçip, ony edýän hereketlerni bilen daşlaşdyrýarlar.
 Bu barada şu 9 düşünjäni belläp geçeliň.

1. KESEKİNİ MAKULLAMAK.
Siziň başga birilerne bolan pikiriňizi olar bilýändir öýtýäňizmi? Kesekiniň pikiri bilen ýöremäň! Ol siziň durnuşyňyz üçn niýetlenen däldir. Näme diýseler şony diýsinler, siziň öz durmuşyňyz bar, siziň öz pikiriňiz bar. Siz kesekiden durmuş ýörelgäni almaň, siz kesekiden maslahat alyň!

2. GARAŞMAK .
‌Eğer siz bellibir herekedi edip, başga birinden hem şol herekede garaşýan bolsaňyz onda siz ýalňyşýaňyz! Bu biderek pikir! Birzada düşüniň hiç bir adam size bu üçn borçlu däldir. Edil şonuň ýaly siz hem hiç kime borçly dälsiňiz. Bu sözlere doğry düşüniň. Size hiç kim gülüp bakmaga, arassaçyl, dogruçyl ýada gepleşikde hormat goýmaga borçly däldir. Bu dünýäniň mydama doğry dälde ters tarapynyň bardygyny hem unutmaň. Bir adam - bir Dünýä ! Ol dünýä siziňki bilen hiç gabat gelmez.
3. ÝAZGARMAK.
Näme üçn käbirlermiz başga biriniň durmuşyna göz gyzdyrýas? Name üçn sizde olara bolan ýazgaryş döreýär? Biz özümziň gürrüňimizin edilýändigni bilýäs, sebäbi muny biziň özümiz hem gaýtalaýas.
‌Bir zady biliň!. Siz üstünlüğe ýeten adamyň ädigo bilen oň geçen ýoluny ýöräp görmediňiz! Oň durmuşyndaky meseleleri duýmadyňyz. İliň durmuşyna seretmezden öz durmuşyňzy bagtly etmäge çalyşyň. İle yamanlyk edip bagt tapan ýokdur. Çünki Durmuş! her kime her hili seredýär!
4. ÖZÜŇİ AKLAMAK.
Her bir adamyň durmuşa özüçe düşünşi bolýar. Siz adatça ýaltalyk edýäniňizi boýnuňza almarsyňyz, ondan bugün ýadadym, kän işledim, ukym tutýa sözlerni ulanýaňyz, . Ýöne kimi aldaýaňyz?!. Ýenede özüňzi! Özüňi aklamak bilen siz dörän meseläni çözüp bilmersiňiz, özüňi aklamak bu öz özüňe diýeniňi etdirip bilmezlikdir. Si, özüňzi ýerden galdyrmasaňyz, sizi hiç kim ýerňizden galdyrmaz. Entagem sizi kesekiniň ýerden galdyrmagna garaşýan bolsaňyz, onda üstüňizden depeläp gecýänçeler garaşyberiň!

5. BAGTLY DURMUŞ ÜÇN BİRİNE DAÝANMAK.
Hiç kim sizi bu durmuşda bagtly edip bilmez, eğer ol bagty ozüňiz tapmasaňyz. Hiç kim size gowy durmuşy hödürläp bilmez, ol dine siziň özüňzde döreýän duýgudyr. Ýaş nahaly eken mahaly, onuň osmegi üçn gapdalyndan ağaç bölegini goýýarlar. Eger şo ağaç bölegini aýyrsaň, güýçli gelen şemal ýaşajyk nahaly özi bn äkidýär. Birine daýanyp ýaşamakda mundan siziň nähili tapawudyňyz bölüp biler?!

6. YNAMSYZLYK.
Her bir durmuşa doğry düşünýän adamyň Özüne mertebe hasaplaýan düşünjesi bolýar, ol men menlik däldir, ol özüne bolan ynamydyr! Hiç bir zatda ynamsyzl yy k döremäge sebäp ýokdur. Sebäbi Ynamsyzlygy döredýän siziň özüňizdir. Adamyň iň ganym duşmany onuň özüdir. Özüňizi YNAMSYZLYK bilen gaplamaga ýol bermäň. Ol siziň ertirki günüňizi garaňky eder. Geljege bolan umydyňyzy ýitirer.

7. GEÇMİŞ.
Geçmişiňe puşman edip gezmek, geljegiňi çukura gömmekdir. Her bir adam durmuşynda ýalňyşlyk goýberýär. Esasy zat ýalňyşmaklyk däl, esasy zat yalňyşyňa wagtynda düşünmeklikdir. Her bir adam bagyşlanmaga mymasypdyr. Ýöne ikinji gezek şol bir çukura gaçýan adam üçn däldir. 

8. ERTİR.
Önüňizde goyan maksadyňzy ertire goýmak endigiňizi aýryň. Şu günňiz bilen ýaşamagy öwreniň. Her gezekki maksadyňyz her gezek ertire goýulýan bolsa, onda ony etmegiň manysy barmy?! Her gün turup irden ertır diýjek bolsaňyz, onda siziň üçn hiç wagt ertır bolmaz, ertır Ýok! diňe şuğün bar. Ertire goýup iş bitirip bolmaz, bu ýagdaý sizi her gezek strese sokar, depressiya girizer. Bugün yerine ýetiriň.

9. BAGTA NÄDOGRY DÜŞÜNMEK.
Howwa howwa siz edil siz bagta nadogry düşünýäňiz. Bilýäňzmi?!. Bagt nämedir??
BAGT - bu siziň isleýän zadyňyz däl, bagt bu sizde bar bolan zat! Sizde bar bolan baýlygyň gadryny bilmegi başaryň. Siz pula iň gymmat eşiği satyn alsaňyzam, gözelligi satyn alyp bilmersiňiz. Siz pula derman satyn alsaňyzam, saglygy alyp bilmersiňiz. Siz pula sagat alyp bilseňizem, wagty alyp bilmersiňiz. Siz pula kitap alyp bilseňizem, akyl alyp bilmersiňiz. 

Men haladym, sizem halarsyňz diýip pikir edýän :)
1807
4 Awgust 2023
💝
1807
4 Awgust 2023
💝
Myhman Myhman
15 Oktýabr 2022
👍👍👍👍👍 Gaty gowy
HangeldiAmanberdiýew
9 Sentýabr 2022
Gowy aydylan soz bagt bu siziñ isleyan zadyňyz dal, bagt bu sizde bar bolan zat 👍
Myhman Myhman
30 Awgust 2022
Gyzykly eken 👍👍👍👍👌👌👌🤔🤔
Myhman Myhman
28 Awgust 2022
Dogry gaty dogry berekella admin köpräk goýaýyn şular yaly motiwasiya beryan maglumatlary
Gülhan
16 Awgust 2022
RejEPYAZLY, howwa yalñyşlyk kop goyberipdirn, izvini.
Myhman Myhman
13 Awgust 2022
Haladym
Myhman Myhman
25 Iýul 2022
Myhman
RejEPYAZLY
29 Iýun 2022
Dogry we dürs ýazan bolsaň gowy bolardy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.