guli_
03.11.2021 21:31

Muny bilýärmisiňiz?

Oksford uniwersiteti gadymylygy boýunça dünýäde ikinji orunda durýar, birinji orunda bolsa Bologna uniwersiteti durýar.

Oksfordyň ilkinji kollejleri XIII asyrda açylypdyr we 1879-njy ýyla çenli zenan maşgalalara okamaga rugsat berilmändir.

Oksford uniwersitetinde 38 sany aýry kollej bar.

Hasaplamalara görä, uniwersitetde 22000 talyp okap, olaryň 11772-si tamamlanmadyk ýokary bilim (bakalawr) we galan 9850-si tamamlanan ýokary bilim (magistr) derejesinde bilim alýarlar. Olaryň 62%-i daşary ýurtly talyplardyr.

1683-nji ýylda gurlan Oksfordyň «Ashmolean» muzeýi dünýäde ýörite ähli jemagat üçin niýetlenip gurlan iň gadymy muzeýdir.

Oksford hususy uniwersitet bolup, 300-den gowrak hünär talyplara hödürlenilýär.

Oksford 1642 — 1646-njy ýyllaryň Raýatlyk urşy döwründe Angliýanyň paýtagty bolupdyr.

«Alisa täsinlikler dünýäsinde» atly kitapdaky Alisa hakykatda Alisa Liddell atly gyz bolup, ol Oksford uniwersitetiniň «Christ Church» kollejiniň dekanynyň gyzy bolupdyr.

Aslynda, Oksford sözi «Oxanforda» sözünden gelip çykyp, «Öküzleriň geçelgesi» diýen manyny berýär.

Oksfordyň talyplary olimpiadalarda 158 altyn medal eýeläpdirler.

Britaniýanyň Premýer ministrleriniň 27-si Oksfordda bilim alypdyr.

Oksfordyň iňlis dili sözlügi ilkinji gezek 1884-nji ýylda çap edilip, iňlis diliniň iň meşhur düşündirişli sözlügi hökmünde tanalýar.
18
248
ideallider
4 Noýabr 2021
Meň pikirimçe şol uniwerde para 0 öýdýän😏👍
guli_
3 Noýabr 2021
didka_778,MersiAtayev,saol
didka_778
3 Noýabr 2021
Sağ bol maglumatyna
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.