𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
03.11.2021 18:15
Kepderiler 2400 kilometr uzaklykdan öýlerini tapyp bilýärler.

• Gotan atly guşuň 30 santimetr bolan torbasyna 12 litr suw ýa-da 13 kilogram balyk ýerleşýär.

• Bürgüt ýalňyz ýaşaýar,

• düýeguşda beýni bolmaýar,

• ördegiň sesi ýaňlanmaýar,

• baýguşuň kellesi 360 gradus aýlanyp bilýär.

• Kolibri diýen iň kiçi guş ýöräp bilmeýär,

• Teneçir uçup barýarka, birden durmaga, yzyna uçmaga, bir duran ýerinde saklanmaga ukyply bolmak bilen, onuň tizligi sagatda 50-90 kilometre barabardyr.

• Dünýäde guşlaryň 8500 görnüşi bar.

• Düýe 15 minutyň dowamynda 200 litr suw içýär.

• Kenguru yza ýöräp bilenok.

• Aýynyň gowagy demirgazyga bakýar.

• Gaplaňyň gözi adamyňkydan 6 esse görgür.

• Sugunyň ýaşyny şahynyň şahalaryny sanap anyklamak bolýar.

• Içýanlar gije awa çykýarlar.

• Arylarda 9 müň göz nokatjygy bolup, olar gonman 320 kilometr ýoly geçip bilýärier.

• Kirpi suwda çümmeýär,

• Ýer togalagynda gurbagalaryň 2600 görnüşi bar.

• Uklanda balyklaryň, möjekleriň gözleri açyk bolýar.

• Doňuzlar asmana seredip bilmeýärler.

• Pil böküp bilmeýän ýeke-täk süýdemdiriji.

• Iň çalt ulalýan jandar mawy kit hasap edilýär.

• Dünýäde ilkinji haýwanat bagy XV asyrda Awstraliýada açylypdyr.

Çeşme: islenen.ru/6047-täsin-maglumatlar.html

👍
8
291
ideallider
4 Noýabr 2021
Az kem ýalňyş ýerleri bar. Meselem düýeguşda beýni bar bolup, beýnisiniň ululygy gözi ýaly ölçegde😏👍
Myhman Myhman
4 Noýabr 2021
Akylym kepderler basda eldeklesdirlipdir, urusa yanlary bn eldeki kepderini alyp gidipdirler, sona hatlarny danyp ucurupdyrlar. Kepderler nace usage gitsede oyini tapyp gelyar. Yolda duslemeyar uyune gelyancada gonmayar hicyere, O...
Gülhan
3 Noýabr 2021
Kepderilerde, umuman guşlarda homing duýgusy bardyr. Yzyna dolanyp gelýändikleri sebäpli ayratynam kepderileri poçtalyon edipdirler.
Myhman Myhman
3 Noýabr 2021
Uruş wagtynda algyr-laçynlar hat gatnatmak ucin kop ullanylypdyr dalmi
Melikee
3 Noýabr 2021
Banucıcek,sebäbi kepderi bolany üçin.😂
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
3 Noýabr 2021
Banucıcek, Bilemogeý onda menä😏
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
3 Noýabr 2021
Banucıcek, Kepderiler wepaly bolýa we barmaly ýerini bilýä şondanmyka diýýän.
Kümüşş
3 Noýabr 2021
👏🏻👏🏻👏🏻bilmeyenlerimi bildim😊
Melikee
3 Noýabr 2021
Berekella.👏👍
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
3 Noýabr 2021
Salam
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.