Banan gabygynyň birnäçe ulanylyşy bar. Bulary öwreneniňizde, bananyň gabygyny zyňmazdan ozal gowy pikirlenersiňiz. Ine, banan gabygynyň dürli ulanylyşy.
-Ýüzüñizde düwürtik bar bolsa we bu sizi bi ynjalyk edýän bolsa, banan gabygy düwürtikleri azaltmaga kömek edýär. Sebäbi banan gabygynda C we E witaminleri, kaliý, sink we demir bar. Bu iýmit toparlary çişen derini köşeşdirip, düwürtikleri azaldýar. Banan gabygyny deriňize süreniňizden soň, 10 minut garaşyň ýyly suw bilen ýuwuň we günde 2 gezek gaýtalaň.
-Kofe we çaý ýaly käbir içgileri içenimizden soň dişlerde döreýän sary tegmilleri azaltmaga kömek edýär. Sebäbi banan gabygy kaliýa örän baýdyr. Dişleriňizi ýuwuň we gowy ýuwlandan soň bananyñ gabygyny dişleriňize 2 minut sürtüň. Dişleriňizi ýene ýuwuň we muny gaýtalaň. Dişleriňiziň akja bolandygyny görersiňiz.
-Kümüş gap-gaçlar wagtyň geçmegi bilen garalyp başlaÿar. Banan gabygyny alyň we blenderde goýuñ. Garyndynyň içine ýarym bulgur suw goşuň we pasta bolýança garyñ. Taýýarlan garyndyñyz bilen birnäçe minutlap kümüşleriñizi sürtüň. Soňra ony arassa çyg mata bilen süpüriň we onuň nähili ýalpyldaýandygyny görersiñiz.
-Ýüzüñizdäki ÿygrytlar, deri berkligini ýitirende ýüze çykýar. Banandaky antioksidant we C witamini, ýygrytlaryñ görünmegini azaltmaga kömek edýär. Banan gabygyny ýüzüňizde 30 minut goýuň we ýuwuň. Muny hepdede 3 gezek gaýtalaň.
Çeşme: www.pratikbilgiler.in