N.T.
02.11.2021 10:06
Geçen günleriñ birinde bir aýal hassahana bejergi üçin ýanyma geldi. Aýaldan has köp, men onuň ýanyndaky 10 ýaşly ogly Hasan bilen has gyzyklandym. Oglanyň çep eli garnyna ýapyşan ýalydy we asla gymyldamaýardy.
Aýalyň bejergisi gutaransoň, çaganyň eli hakda soradym. Bir gün irden duýdansyz bolup geçendigini we bir ýyl bäri şeýle bolandygyny, hat-da birnäçe lukmana barandygyny ýöne netijesizdigini aýtdy.

Oglanyň gözüne seretdim, gaty çuňňur we çekinjeň seredýärdi… Ejesine:
– Sizden bir zat sorajak, ogluňyzy maňa goýuň, we agşam sagat 19:00-da öýüňize getirerin, – diýdim. Aýal geň galdy we bu teklibime razy boldy.

Iş duşuşyklarymy, ýygnaklary goýbolsun etdim. Hasan bilen maşyna münüp 30 km uzaklykdaky kenara gitdim.
Hasan bilen kenara gelip, beýik gum depesine çykdyk we Hasana:

– Men bu ýere köp gelýärin, gaharym gelýän biri bar bolsa, oña gygyryp rahatlaÿaryn. Indi muny bilelikde edeli we dynç alanymyzdan soňra ýeralma gyzartmasyny alyp iýeli. Seret, ilki men ýokary çykyp gygyrjak, – diýdim, we söýgüli aýalyma gaharlanan bolup gygyrdym. Soñra:

– Gaty rahatladym indi seniň gezegiň, – diýdim.

Hasan ýerinden turup dymdy we birden gygyryp başlady:
-Kaka! Ejemi urma diýýän, ejem gaty ýaralanýar ony näçe ogşasam-da ýarasy geçmeýär. Ulalanymda menem seni urjak kaka, – diýip 10 minutlap aglady we gygyrdy. Soñra gelip ýanymda oturdy:

–Rahatladyñmy?

– Hawa

– Indi bolsa ýeralma gyzartmasyny iýeli,– diýip gitdik…

Kellämdäki baş gabymy bilmezlige salyp, Hasanyň gymyldamaýan çep eline uzatdym we sag elim bilen jübimden pul çykarjak ýaly jübime saldym. Hasan çep eli bilen baş gabymy aldy, we mundan özüniň hem habary ýokdy. Men hem begenjimden içime sygamokdym, we muny Hasana bildirmezlik üçin başga zatlar barada gürrüň açdym. Şeýdip wagtymyzy gyzykly geçirdik.

Soňra söz berşim ýaly 19:00-da öýlerine baranymyzda, ejesi penjireden seredip bize garaşýardy, bizi görüp gapa geldi. Maşyndan düşdük, we Hasana başymy egip islän wagty dynç almaga gidip biljekdigimizi aýdyp telefon belgimi berdim.

Men Hasany gujakladym, ol bolsa iki eli bilen boýnumdan gujaklady, soň bolsa öwrülip ejesini gujaklady. Ejesi gaty begendi we muňa ynanmady. Munuň nähili bolandygyny sorady.

– Ogluňyz hemme zady aýdyp berer, – diýdim we öýüme gaýtdym.

Birnäçe günden SMS geldi:

­ – Doktor haçan dynç almaga gideris? (Hasan) 😊

Siziň pikiriňizçe bu hekaýa näme diýmek isleýär?
Çeşme: superbilgiler.com

16
414
Dusia
2 Noýabr 2021
N.T. borjumyz 😇
N.T.
2 Noýabr 2021
Dusia,gowy pikir.Paylaşanyñyz un sag boluñ
Dusia
2 Noýabr 2021
Gahar gazabyň içiňe salmagyň nâhili agyr psihologik we şol sanda bedeniň şikeslerine getirýândigini aýtjak bolýa hekaýa, hem-de âhli zady monupulýasiýa arkaly dâlde ýagdaýyny tapdygyňça ilki psihologik ýol bn bejerga girişmeli....
didka_778
2 Noýabr 2021
N.T.,senem sağ bol
N.T.
2 Noýabr 2021
Гульхан,Guli_,didka_778,ahliñiziñ pikiriñiz bn menem ylalaşýan.👍goyup pikiriñizi paylaşanyñyz un kop sag boluñ🙂
didka_778
2 Noýabr 2021
Guli_,menem şeyle pikir etyan
guli_
2 Noýabr 2021
Masgala meselesi zerarly sol caga psihologik ejir cekya.Doktor gaty guycli biri bolmaly hassalarynyň psihologiyasyny bilya👍👏
Gülhan
2 Noýabr 2021
Hekaýaň diýýän zady Doktor bolmak üçn ilki ynsan psihologiýasyny bilmeli. Adamlaryň ruhuny diňlemegi başarmaly. Sebäbi şeýle hassalar bar, olar diňe ruhy bejergä mätäç, ýöne muňa islendik lukman düşünüp bilmez

Menin pikirmce
N.T.
2 Noýabr 2021
Hormatly Seredýänleriñ we okaýanlaryñ dykgatyna: Diñe seretmañ haýyş.Eden azabym ucin 👍👍👍 halasañyz like 👍goýmany we teswirlerde pikirleriñizi yazmany unutmañ!!!

Myrataly,pikiriñ yokmy🙄
Myrataly
2 Noýabr 2021
👏👏👏👏👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.