lord
27.10.2021 14:24
Özüme Nekrolog

20?? -nji ýylda Güýz paslynyň bir güni Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň gadymy obalarynyň birinde ýaşaýan, Öwrenmeli app-da ýazyjy satusy bolan Muhammet Mahmyt aradan çykdy. Onuň dünýäden ötmegi türkmeniň altyn asyrynyň altyn edebiýaty üçin öwrezi dolunmajak agyr ýitgidir diýsek, gaty ulaltdygymyz bolar.
Muhammet Mahmyt ömrünüň dowamynda birnäçe post goýdy. Muň garamazdan, onuň ýazan makalalaryny uçdantutma okamagyň hajaty ýok. Öňki Ädim Ädime ýazýan ýakalalarynyň ikisini okasaň, üçünji makalasynam okadygyň bolar.
Biz M.Mahmydyň akyllydygyna-da, akmakdygyna-da düşünip bilmän galdyk. Çünki, ol döwür bilen aýakdaş gitmegi başarmaýardy. Onuň ýazan makalalarynyň birinde bolmasa birinde dislike bardyr. Şonuň üçin, onuň postlary trend bolar öýtmeýäris. Umuman, Muhammet Mahmyt düşnüksiz şahsdy.
Muhammet Mahmyt tutyş ömrüni mätäç adamlara ýagşylyk etmek arzuwy bilen geçirdi. Emma, ýagşylyk edip bilmedi. Gaýtam, onuň özi ýagşylyk edilmegine mätäçdi.
Muhammet Mahmyt özüni ölen güni ady ýitjek, şol sanda , Öwrenmelidäki profili pozuljak yazyjy hasaplaýardy. Biz onuň şeýle boljakdygyna-da ynanýarys. Şonuň üçinem" Özümiz ölinçäk, biz seniň adyňy ýadymyzdan çykarmarys,ruhuňy kalbymyzda saklarys" diýp, boş wada bermekden saklanýarys.
Herniçigem bolsa, biz onuň il-güne zepersiz, neşeden-şerapdan bihabar, zähmetsöýerligine duýgydaşlyk bildirip, özüne-de:" Ýatan ýeriňde bir ýerli ýagdaýa, görä bolawergin! Ýogsam, saňa ol ýerde hem aňsat düşmez" diýmek isleýäris.


Döwürdeşlerim
27.10.2021.
11
456
Tayler
4 Iýun 2024
A.Taganyň özüne ýazan nekrology. Diňe ady üýtgedilipdir
Myhman Myhman
28 Oktýabr 2021
Düşünmedom hiç zada bu yazgy özün hakdamy yagmy Lord sen hakdamy 🤔
Juwan
27 Oktýabr 2021
Yzy özüňden gowysyna ýarasyn)
Ovezova_
27 Oktýabr 2021
😂😂👏👏
Gülhan
27 Oktýabr 2021
Wahey Guli_,😂
guli_
27 Oktýabr 2021
😂😂😂😂Görgüli like-laryň pidasy bolup öldi gowy adamdy😂😂😂😂(Gowy yazypsyn mlds😂👏👍)
Novia
27 Oktýabr 2021
🤣🤣🤣
N.T.
27 Oktýabr 2021
Lord,ozin yazdyñmy?Nirden gelyar munun yaly sozler kellane

Sozlemler manyly👍 emma olum hakda yazypsyñda oña like goyup biljek dal.Oziñ oziñi soymeseñ hic kim seni soymez diyyaler.Shonun un hic hacan ozuñe pes garama
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.