"Bu gün durmuşymyň iň gynançly güni."
![]()
Lukman hökmünde köp zenanyň dogumyna girdim.
Her gezek çaga dogrulýan otaga girenimde, ähli ejelere kömek etmegini Hudaýdan dileýärin.
Bir zenanyň diňe 9 aý çagasyny götermegi däl, çagany dogurmagy üçin hem nähili sanjyny başdan geçirýänini, nähili kyndygyny bilýärin.
Bu gün ýüregimiz döwüldi, bir ejäni ýitirdik.
Hudaýa gaharym gelip, sorag berdim, bir zenanyň näme üçin bu agyrylary çekýänini, Taňrynyň ýagşylygyna we gözelligine garamazdan, näme üçin bir zenana ejir çekdirendigine düşünemok. Diýdim.
Bu zenan 14 ýyl bäri çaga dogurmaga synanyşýardy.
Biz ähli ylym serişdelerini ulandyk, lukmançylyk we her dürli bejergini ulandyk.
Netijede, Taňrynyň hem islegi bilen göwreli boldy, ýöne şol bir wagtyň özünde göwresinde bir çiş ösýärdi.
Göwrelilik döwründe çiş kem-kemden ýitip gitdi, hemme zat gowy bolup barýardy.
Dogum wagtynda Kakasy çaga dogurulýan otagdady.
Çaga dogulmagy 7 sagat dowam etdi we ahyrynda sezaryen keselini almagy makul bildik.
Çaga doglandan soň eje çagasyny gujagyna aldy, ýylgyrdy we yzyndan durmuşa gözüni ýumdy we öldi.
Bir eje öldi, bir çaga dünýä indi, kaka gaty gynandy.
Näme üçin şunuň ýaly bagtly gün erbet düýşüňe, betbagtçylyga öwrüldi?
Bir durmuş garşylygynda başga bir durmuş gazanypdym, bu nähili adalat...
Zenanlara hormat goýuň, çaga dogurmak üçin öz janlaryny howp astyna salýarlar.
Dokuz aýdan soň, çaga dünýä injekde birnäçe sagatlap çekýän agyrylaryna, çaga dünýä inenden soň çagany ulaltýarka geciren ukusyz gijelerine, bu ajaýyp pidakärlige hormat goýuň...!
Ejeňize hormatsyzlyk etmeýan we onuň göwnüni hoş tutýan bolsaňyz ne bagt size, şu wagt gidin ony gujaklaň we zenanlara bolan çuňňur söýgiňi we has möhümi hormatyňyzy görkeziň.
Bir lukmanyň durmuşyndan bölek...