“Apple” -iň esaslandyryjysy 56 ýaşynda aradan çykan Stiw Jobsyň ýazan soňky ýazgysy:
![]()
"Iş durmuşumda uly üstünlikler gazandym. Käbirleriň gözünde: Durmuşym üstünlikiň nusgasydyr; Ýöne işiň daşynda; gaty az begenýärdim.
Işiň ahyrynda; Baýlygymyň we öwrenişen durmuşymyň maňa getiren ýeke-täk hakykady; Ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýan pursatymda,,
Ýerimde ýatyp, durmuşymy göz öňüme getirýärin; Men muňa göz ýetirdim: Meniň buýsanýan şöhratym we baýlygym; Ölümiň öňünde nähili manysyzdy.
Ulagy ulanmak; Size pul gazandyrmak ücin; Kimdir birini işe alyp bilersiňiz.
Muňa garamazdan; Keseliňizi götermek üçin hiç kimi işe alyp bilmersiňiz. Ýitirilen maddy zatlary tapyp ýa-da ýerine başgasyny goýup bolar; Emma; Ýitirilende tapyp ýa-da çalşyp bolmajak ýekeje zat bar; oda durmuş
Şu wagt; Durmuşyňyzyň haýsy basgançagynda bolsaňyzam; wagtyň geçmegi bilen; Şol sahna perdesiniň ýapylmagy bilen ýüzbe-ýüz bolarsyňyz. Teklibim; Maşgalaňyzyň, ýanýoldaşyňyzyň, dostlaryňyzyň; Gadryny biliň we söýüň.
Özüňize gowy serediň we adamlara mähir beriň. Garradykça we has akyllandykça umyt edýärin; Göz ýetirýärsiň; 300 dollarlyk sagat bolsun ýa-da 30 dollarlyk sagat bolsun; Şol bir wagty görkezýär.
Kalbyň rahatlygynyň beýle zatlar bilen gazanylmaýandygyna düşünýärsiň.
Stiw Jobsyň sözleri şu ýerde gutarýar we bu makala özümdenem bir zatlar goşmak isledim...
Ölenimizde pulumyz bankda galýar...
Ýöne ýaşaýarkak harçlamak üçin ýeterlik pulumyz ýok. Amerikada bir baý adam aradan çykanda, bankdaky 1,9 milliard dollary aýalyna galypdy. Aýalyda baýyň şofýoruna durmuşa çykdy.
Şofýor şeýle diydi: - Başlygym üçin işleýärin öýdýärdim...
Asyl onuň meniň üçin işleýändigine düşündim!!!
Ajy hakykatlar şulardyr:
Has köp ýaşamak has baý bolmakdan möhümdir. Şonuň üçin kim üçin işleýärin diýip alada etmegiň ýerine, güýçli we sagdyn bedenimiz bolmalydyr...
~ Soňky model telefonynyň funksiýalarynyň 70% ulanylmaýar! ~ Lýuks awtoulagyň esbaplarynyň 70% -i gereksizdir!
~ Eger kaşaň villa ýa-da kösgiňiz bar bolsa, onuň 70% -ini ulanmarsyňyz!
~ Şkafyňyz üçin ýagdaý başgamy? Eşikleriňiziň 70% -i täzeligine ulanylman galýar.
Durmuşdaky tagallalaryň we gazançlaryň 70% -i beýlekileriň sarp etmegi üçindir.
Şonuň üçin biz özümiziň 30% -imize eýe bolmaly we ondan doly peýdalanmalydyrys.
Şu ýagdaýda;
Baý bolmasaňyzam bagtly bolmaga synanyşyň. Halaýan adamlaryňyz üçin wagt tapyň.
Okanyňyz üçin sagboluň! By D.S