"Geely" smartfon öndürmek bilen meşgullanar
Hytaýyň awtoulag kompaniýasy Geeli diňe bir dünýä awtoulag bazaryny basyp almak islemeýär.
Kompaniýanyň smartfon önümçiligini özleşdirmek meýilnamalary bar. Käbir maglumatlara görä, Hytaýyň Wuhan şäherinde önümçilik başlanyp biler. Önümçiligi awtoulag öndürijisiniň golçur kärhanasy amala aşyrar.
Strategiki hyzmatdaşlyk barada şertnama eýýäm gol çekildi.
Habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, kompaniýa “ýokary hilli akylly enjamlary” ösdürmäge we öndürmäge ünsi jemlär.
“Geely” smartfonynyň haýsy markada çykaryljakdygy, önümçiligiň başlanjak senesi barada habar berilmeýär.
Şol bir wagtyň özünde, iki pudagyň arasynda "ýakyn arabaglanyşygyň" bardygy aýdyldy.
Bu, häzirki zaman awtoulag modellerinde we smartfonlar üçin programma üpjünçiliginde ulanylýan ýokary tehnologiýalary göz öňünde tutýar.
Geljekde adaty ekosistemalary we “dakylýan köp ekranly interfeýsi” döretmek mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.