lord
30.09.2021 21:59
Seljuk hökümdary Soltan Sanjar geçirimlilikde juda adygan eken.
Bir gün wezir-wekilleri we nökerleri bilen bir obanyň deňesinden
geçip barýarka, ýaşaýjylaryň biri soltana gödek sözler bilen ýüzlenip-
dir. Nökerler salymyny bermän, ýaňky şyltakçynyň goluny gandal-
lap, soltanyň ýanyna getiripdirler. «Muňa degmäň, elini çözüň we
öz ýoluna goýberiň. Goý, diýesi gelen zadyny diýip, içini sowatsyn.
Göwnünde arman galmasyn» diýip, soltan parahatlyk bilen buýruk
beripdir. «..Emma, hökümdarymyz, bu siziň şanyňyza dil ýetirdi
ahyry.. edepsizlige eglişik etmek, bigadyra ýagşylyk etmek, şor ýere
tohum sepmekdir. Yhlasyňyz yrýa bolmakdan başga hiç zat gazanyp
bilmersiňiz» diýşip, wezir-wekiller soltana gylaw bermäge çalşypdyr.
«Bendesiniň dil uzadany bilen ynsanyň mertebesi peselmez. Deň bol-
maly däl, beýik bolmaly. Geçirimlilik bilen, iň möhüm zat – ömrüň
berekedi gazanylýandyr» diýip, soltan jogap beripdir.
6
121
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.