Senem yz galdyrman dünýeden gitjeklerdenmi?
Adam ölende, iň ýakyn we eziz adamyň hem seni ýatdan çykarýan döwri 18 aýdyr. (Bu iň uzyn wagt).
Ýagny 18 aýdan soň agyrysy dynýar we siz süýji bir ýatlama bolup ýatlanýan ekeniňiz...
Bu hakda oýlananymda bir salym ýüregim agyrmady däl.
Meniň üçin iň gymmatly adamlaryň
Gaty gowy görýänlerimiň,
"Olar bolmasa hiç haçan bolmaz" diýýänlerimiň
Meni 18 aýda ýatdan çykarmaklary ...?
Gowy bir iş, uly bir jaý, bir awtoulag, pensiýa çykmak arzuwlary "Şu hem bolsun rahatlaryn" diýýärkäň, ömrüňiziň ahyryna geldiňiz.
Ýöne biziň döredilmegimiziň sebäbi awtoulag, jaý, bag ýa-da bakja däl ahyryn...
Hiç bir gymmatlyk döretmän, yz galdyrman ýaşalan bir durmuş 80 ýyl däl de 800 ýyl bolsa ne peýda?
18 aýda unudylandan soň ...
Utanç bolýar bize, Gaty arzan gidýäris
- Ynsanyň ýetişdiren okuwçylary bolmaly, mugallym bolmasada.
- Iň bolmanda, ýazan kitaby bolmaly ýa-da ýazmagy ýüregine düwen kitaby.
- Ol hatda tanamaýan, adyny bilmeýän adamlarda-da yz galdyranlygy bolmaly.
- Birleri ýoluny kesmeli " Siz meni tanamarsyňyz ýöne men sizi tanaýan, siz meniň durmuşymy üýtgetdiňiz" diymeli ýyllar geçensoň...
- Adamlar bilen salamlaşmakdan gorkman, tanamaýan, onlarça ynsanyň ýüregine täsir etmeli, gürleşmeli, dertleşmeli, dost bolmaly...
Ah! Bizem bu dünýädäki bulaşyklyga çümmdik dälmi ... Mazardaky adamlar hem şeýle etdiler...