GOŞJAN SEÝITMÄDOW
ÝAŞYL ÝAPRAKLAR
(DOWAMY)
Bütin iliň sylaýan, hormatlaýan, sarpa goýýan adamsyny bir ýa-da iki adamyň sylamazlygy, hormatlamazlygy ahmal. Ýöne ol, şol biderek adamyň özi böwrüni diňläp görse, düýelä it üýren ýaly bir zatdyr.
***
Adamlar hil-hil bolýar. Şonuň üçin olaryň käsini gözünden, käbirinem sözünden tanap galýarys. Eger şonda-da tanatmasa, onda ol adamdan süýjülik bilen el çeken utar.
***
Hakykat barmyka? Bar!
Ýöne ol her bir ynsana paýhasyna görä gulluk edip, her kesiň öz ýüreginiň jümmüşinde ýaşaýar.
***
Ummasyz bagyň içinde biri miwe getirmese, bagyň görküni gaçyrýar. Obanyň içinde-de bir erbet näkes bolsa, iliň görküni gaçyrar ekeni.
***
Gyzlaryň birnäçesine syratyna görä akyl, akylyna görä syrat berilmändir. Eger şolaram tersine bolaýan bolsady nähili oňat bolardy!
***
Şöhrat ýaly özüne çekiji zat ýok bolsa gerek. Sebäbi ol käbir adamyň kärini, niýetini, hatda ahlagynam üýtgedip bilýär.
***
Söýgi nämekä?
Ýaş ýürekler açylan bägül bolsa, ol hem şolary suwarýan şerbet suwudyr.
***
Gyzlaryň gözi ýaly ýiti, mähirli zat ýok bolsa gerek! Ol gözler ynsan kükregini darka iki bölüp, almaz ýaly bilniksiz kesip, ýüpek mata ýaly mylaýym sypap bilýär.
***
Näme üçin söýüşýänler bir-birlerine duşanlarynda aýdara söz tapmaýarka?
Sebäbi ol wagt nobat mähre berilýär. Mähir şu asudalykdan peýdalanyp, edil suwuň çägä siňşi ýaly iki ýürege-de bilniksiz siňýär. Şeýlelikde ol iki ýüregiňem teşneligini gandyrmaklyga bolan näbelli, ýörelmedik ýodalary açyp, täze-täze ýol arçap gidýär.
***
Özüniň eken bagyna guwanmaýan barmy näme?
Menem öz eken baglaryma her gün irden, işden gelenimden soň, ýörite gözegçilik edýärin. Olaryň göze ýakymly gözel görnüşinden hem-de jana ýakymly hoşboý ysyndan lezzet alýaryn. Bu bolsa meniň ähli ýadawlygymy aýyrýar.
Bir gün men bol miwe getirip, başyny aşak salyp oturan garalyny synlanymda, onuň bir şahajygynyň miwesini göterip bilmän döwlenini gördüm. Şo bada hem bir ýumşak sim tapyp, ony emaý bilen saradym.
Wagt geçýärdi. Güýz gelip, miweler bireýýäm ýygylypdy. Bir gün şol sim sarap daňan şahajygymy barlap görsem, şaha bireýýäm biten ekeni. Ýöne öň oňa hemaýat eden sim indi onuň içinden geçip gidipdir. Indi ol baga zyýan berip ugrapdyr. Men ony şol bada aýyrdym
Bäh! Geň galaýmaly! Peýda berýän zadyň zyýan berip bilýän wagtam bolýan eken...
***
Käbir ýaş şahyrlar turuwbaşdan:" Eger men öläýsem..." diýip, pelsepe otaryp ugraýarlar.
Şolaryň henizem "diri" gezip ýörenine şükür!
***
Bu öý diýseň "hezillkidi". Aýalynyň ýerine ýetirýän igençli "ariýasyny" mertlerçe diňleýän äri, hyýalynda onuň "heňini" hiňlenýärdi.
***
Hezzet-hormatdan soň, ol hemişe: " Toýuňuza gelip duraly" diýerdi. Emma:" Öýümize baryp duruň" diýmezdi.
***
Käbirine ýok ýerden bar etjek bolýar diýip igenýärler. Munuň dogry bolaýmagam mümkin. Ýok ýerden bar edip bolsa, oňa nä ýetipdir!
(Dowamy bar)
Çeşme: "Oba oglanalary" hekaýalar ýygyndysy.