Greenleaf
26.09.2021 08:18
GOŞJAN SEÝITMÄDOW
ÝAŞYL ÝAPRAKLAR
(Dowamy)
Özgä ýaraýar diýip, gulkydyp oturma. Özüňe ýaraýanyny et.
***
Agajy döwenä Dyrdy.
Jogap bermelem Berdi.
***
"Bergiň köp bolsa ýumurtga börek iý" diýilýär.
Algysy köp bolubam ýumurtga börek iýip ýörenler gyt däl.
***
Eger duşman dilini dişiniň aňyrsynda gizlemegi başarsady, onda Görogly gylyjyny gynyndan çykarman oňup bilerdi.
***
Bir öýde kagyzdan ýasalan owadan gül bar. Şol gül indi otuz ýyl bäri saklanýar. Ol gül owadanlygy ýa-da ony ýasan hünärmeniň hatyrasyna saklananok. Ol şony bagş eden ynsanyň hatyrasy üçin saklanýar.
Men şol kagyz gül ýaly bolsam-da, eserlerim şol güli bagş eden ynsan ýaly hatyraly bolaýsady, onda men nähili bagtly bolardym!
***
Sen bütin ömrüň barada gürrüň berýärsiň. Biz welin şol ömrüň ýatda galan ýeke güni barada-da öň hiç ýerde eşitmändik.
***
Ýola çykyp öküneniňden, gowusy, şu wagt ugramankaň oňatja pikirlen.
***
Ol öz işi; dogryçyllygy, adamkärçiligi ... barada şeýle bir gürrüň berdi! Içimden:" Menem şunuň ýaly bolsam bolmaýamy?" diýdim.
Soň ol: "Bir sagat gelerin" diýip gitdi. Bir aýdanam gara bermedi. Indi şonuň ýaly bolmadygyma şükür edýärin.
***
Sähelçe şowlulyga men bagtly diýip gygyrma, belki, ol bagtsyzlygyň başlangyjydyr?
***
Eger sen ýamanalyk edenleri unutmagy başarmaýan bolsaň, ýagşylyk edenlerem unutmazlygy başarnalysyň!
***
Garda galan yzyňa däl-de, ýerde galan yzyňa guwan!
***
Demriň erbedini, iň bolmanda, süýüp orak edýärler. Miwäniň erbedini mala berýärler...
Ýöne ynsanyň erbedini nätmeli?
(Dowamy bar)
5
44
Greenleaf
26 Sentýabr 2021
Guli_ OK nesip bolsa goýup bildigimden 👌 her gün goýjak. Elde ýazmaly kynyrak bolýar
guli_
26 Sentýabr 2021
Dowamyna garsyan♥
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.