GOŞJAN SEÝITMÄDOW
ÝAŞYL ÝAPRAKLAR
(DOWAMY)
Sen dostuň göwnüne degmek bilen duşmanyňa meçew berýäniňi unutma!
***
Oňarjak işiňden çekinme. Oňarmajak işiňi boýun alyp, soňra ökünme.
***
Ýerlikli sözüň seni daga çykarjagyny, emma, ýerliksiz sözüň seni girdaba oklajakdygyny unutma!
***
Göz- ynsanyň pikirini görkezýän aýnadyr.
***
Durmuşda hiç kese haýyr bermeýän adam- ýagman, emma Günüň öňüni tutup duran bulut ýalydyr.
***
Ol ynsana kömek etjek bolup, del sözleriň pidasy boldy.
***
Hoş sözüň bolsa derýa-da oklasaň bolar. Bir wagt gaý turanda olaryň saňa ýelken bolup kömek edäýmegem ahmal.
***
Oňat ekiniň içinde haşsl otlaryň boýnap oturuşy ýaly, oňat adamlaryňam arasynda käbir erbet adamlaryň ýaýnap ýörüşüne geň galma!
***
Garny doýrup bolar, emma gözi welin hiç haçan doýrup bolmaz.
***
Puluň, dünýäniň etmejek oýny ýokdur. Ýöne olar ynsany batyr ýa-da talantly edip bilmez.
***
Görke bil baglamaly däl-de, erke bil baglamaly.
***
Göwnüýetmezçilik- akmaklygyň we ejizligiň bir görnüşidir.
***
Kä adamlar wezipäni bezeýär, kä adamlary wezipe bezeýär.
***
Sen ilden üýtgeşik eşigim bar diýip öwünme! Olmatanyň başga bir obada eşege palan edilýän bolmagam mümükin.
***
Ekin-dikine säheriň çygy görk berse, ynasanlar olaryň il içindäki sarpasy görk berýär.
***
Bu gün iňňäňi ogurladan bolsaň, ertir temeniňden ägä bol!
***
Erbet niýet bilen bir gapydan girseň, şol gapydan çykmalydygyňy-da unutma!
(Dawamy bar)