Käbir öýlerde artykmaç goşlaryň bolmagy.
Bu ýagdaýyň esasy sebäbi garyplykdyr.
Ejeler öz öýlerine alyp bilmedik zatlaryny gyzlary üçin islediler. "Men alyp bilmedim, gyzym alsyn". diýip giýewilere ýüklendiler. Toý çykdajylary gaty köpeldi.
Aslynda, marginal peýdany göz öňünde tutsak, sarp ediş köpeldikçe birneme wagt geçenden soň peýdasy nola çenli azaldy we soňam azalmagyny dowam etdirdi.
Öňki nesiller alyp bilen zatlary üçin begenýärdiler. Gap-gaçlary elleri bilen ýuwýan aýal bilen gap-gaç ýuwýan enjamyň arasyndaky baglanyşyk, gyzynyňkydan tapawutlanýar. Gyzy bu enjamy kakasynyň öýünde eýýäm ulanypdy we özüne çekjek üytgeşik zady ýokdy indi onuň üçin. Reňk, programma we ş.m. Diýip tapawutlyrak zatlaryň gözlegine çykdy. Bu bolsa doýumsyzlygy, aç gözligi getirdi. Wagtyň geçmegi bilen doýumsyzlyga normallyk bezegi berildi. Hemmeler muny kabul etdi.
Başga bir söz bilen aýdylanda, ýagny adamlar ýetmezçilikleriniň öwezini doljak bolup, zatlarynyň ýesiri boldular.
Öňüňde iýjegiň egniňde geýjegiň bolsa boldy diýip sadaja ýaşaýan adamlardan "aýhhh, öýündäki oturgyç we haly burçundaky gül biri-birine gelşmändir" diýmek bilen dälilige öwrüldi.
Yzygiderli kanagatsyzlyk we zatlary bilen ýaryşmaklyk bagtsyzlyk getirdi. Örän owadan jaýlarda gaty bagtsyz durmuşda ýaşaýarlar.
Platonyň aýdyşy ýaly ýadyňyzdan çykarmaň:
"Esasy zat durmuşda köp zatly bolmak däl-de, iň az zada mätäç bolmakdyr".
Degişli käbir sözler:
Franz Kafka - "Az zat, az adam".
Lew Tolstoý - "Barlykly bolmak bagtsyzlykdyr".
Albert Kamus - "Ynsan özi üçin many gözleýän barlykdyr". Fridrih Nitşe - "Köp zada eýeçilik etmek ynsany gullaşdyrýar".