Ovezova_
22.09.2021 00:56
Men neçün beylekäm?!

Men neçūn beýlekäm
Bilýänem bolsam,
Erbet zatdygyny öýke kinäniñ,
Unudyp bilemok, käbir sözleriñ
Tagmadan parhy ýok, ahyr, neýläýin.

Men neçūn beýlekäm,
Käte çaga deý,
Unudasym gelýär, gaýgysyn dūnýäñ,
Emma çaga wagtym ulaljak bolup,
(Käte dūyşūmde-de, ullakan bolup)
Oýanan pursadym aglanym bilýän.

Men nämūçin käte gazaba mūnūp,
Käte-de berilýän ajy gözýaşa,
Käte suwda gaýýan kebelek görsem,
Halas etjek bolup urunýan aşa.

Käte rūstem gelip ykbal synagy,
Agyr labyryny atýar gerdenme,
Men neçūn beýlekäm,
Neçūn derdinýän,
Kaýyl bolmaly dälmidim, berlenne.

Men neçün beýlekäm,
Sadalygymdan
Örtenip, kän ýola çeksem-de zyýan.
Öwūt diñlemezmi adam pent iýse,
A meñki, şol boluş, şol öñki heññam,
Öz göwnūme özūm teselli gözläp:
"Sadalykdan zelel gelmezmiş" diýýän.

Öz bolşundan zeýrenýän-ä az welin,
Her kimiñ dūnýäsi, özūne eziz,
Ýöne men näme ūçin,
Näme ūçin beýle?
Şol sowala jogap tapamok heniz.

Bibihajar Sadykowa

3
122
Melikee
22 Sentýabr 2021
Banuçiçek gapyňy aç geldim.😂
Melikee
22 Sentýabr 2021
BANUÇIÇEK ,günaýdin tatlim.😘
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.