Dünýäniň iň belent nokady bolan Ewerest, Tibet(HHR) bilen Nepalyň araçägindäki Gimalaý daglarynda ýerleşýär. Onuň beýikligini ilkinji bolup Sir George Everest ölçäpdir. Şonuň üçinem 1941-nji ýylda oňa "Ewerest" ady dakylypdyr. Tibetiň ýerli ýaşaýjylary oňa "Jumolungma" diýýär.
Adamlar dünýäniň iň belent nokady bolan bu daga 8 gezek synanşykdan soň 1953-nji ýylda çykyp bildiler.
Bu daga çykmak pikiri alpinistleri örän köp pikirlendirdi. Sebäbi, Ewerest dagy hakynda gürrüňler olarda hem gorky, hem-de bilesigelijilik duýgularyny döredýärdi.
1953-nji ýylda John Huntyň ýolbaşçylygynda bir topar düzüldi. Bu topar ýerli halkyň wekili ýolbelet Tenzing bilen ýola çykdy. Başlaryndan geçen birnäçe kynçylyklardan soň ahyry şol ýylyň 28-nji maýynda bu topar dünýäniň iň belent nokady bolan Ewerestiň depesine barmagy başardylar.