Ovezova_
17.09.2021 22:05
,,Är bolmaz''

Sadalyk nikabyn ýüzüne dakyp
Gülüp bakan her gözelden ýar bolmaz.
Ýok ýeriñde seniñ gybatyñ edip
Ýanyñda dost saýan ýigit är bolmaz.

Ýetimiñ hakyny iýmegin hijem,
Iman getir, eger bolsa-da gijem,
Girmegin öýlere ýarysy gijäñ,
Maslahatym, ogurlykdan kär bolmaz.

Musulman dinim bar Alhamdulillah,
Muhammed Mustafa Ýa Resulullah,
Zikir edip diñe Ýa Subhanallah
Diýen ynsan şondan başga zar bolmaz.

Biri ejiz görüp degaýse birden,
Ýaradana tabşyr, gargynma her dem,
Gaçyp gidip bilmez azaply görden,
Jehennem odundan başga ar bolmaz.

Söhbet Döwletow.
10.09.2021ý.

8
94
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.