Durmuş şeýle pajygaly...
Durmuş şeýle pajygaly,
Gülen bolýañ, aglan bolýañ,
Ynanyp boş lezzetlere,
Umydyñy baglan bolýañ.
Kimsi diýýär ,, tüweleme",
Kimsi bolsa ,, ah pylany",
Dost diýenlem çakyp gitdi,
Ýüregimi ýylan ýaly.
Akyl satýan maýyn bermän,
Ündeýänim ýagşy gylyk,
Özüm bolsa ýalñyş ýerde,
Käte galyp kä ýykylyp.
Tapman ömrüñ manysyny,
Dost tutundym duşmanymy,
Duşmanlygny bilip soñra,
Etmedimem puşmanyny.
Goý ýanylsyn owarram-la,
Iman bolsun saglyk bilen,
Ýaşalan bitin ömüri,
Gutarsak bor gowluk bilen...
Baýram BEJIDOW