Dünýäniň iň üstünlikli we baý adamlarynyň yzygiderli säher dessurlary
1. Elon Musk; Gije sagat 01: 00-da ýatýar we irden 07: 00-da oýanýar. Adatça ertirlik edinmeýär, seýrek bir bakal kofe bilen omlet iýýär. Şeýle hem, işiň arasynda 5 minutda günortanlyk naharyny iýýär.
2. “Amazon.com” -yň düýbüni tutujy Jeff Bezos irdenki ýygnaklaryny ýigrenýär, şonuň üçin hiç wagt irden ýygnak etmeýär we öýünde ertirlik edinmezden işe gitmeýär.
3. Stiw Jobs her gün irden aýnanyň öňünde durup, öz-özüne şu soragy berýärdi: "Bu gün ömrümiň soňky güni bolan bolsady, şu gün etjek zatlarymy ederdimmi?" Jobs bu soraga "ýok" diýip jogap beren bolsa, bir zady üýtgetmelidigine düşünerdi.
4. “Google” -yň esaslandyryjysy Sergeý Brin; güni maşksyz başlamaýar. Sport aýakgapdan başga aýakgap geýmeýär. Ýygy-ýygydan ofiste Rollerblades-de aylanýar, ýygnaklarda ýoga edýär we käwagt eliniň üstunde ýöreýär.
5. Bil Geýts hem saglygy barada alada edýänlerden biridir. Her gün irden ylgaw ýörelgesinde bir sagat geçirýär.