GOŞJAN SEÝITMÄDOW
ÝAŞYL ÝAPRAKLAR
Jaýyň fundamenti adama ýüzlenip şeýle diýýär:
- Birwagt jaýyň düýbi goranda menden görmez ýaly, jaý guraňda maňa pugta üns ber!
***
Kä adam o dünýä özi bilen şöhratynam äkidýär. Käsi şöhratyny goýup, özi gidýär.
***
Ýeňillik bilen gazanylan şöhrat ýeňillik bilenem elden gider.
***
Ýekeje otluçöpüň giden tokaýy otlap bilýändigini bilýän bolsaň, ýekeje sözüň hem dünýäni agdar-düňder etjekdigini unutma!
***
Durmuşuň täsinligini görsene!
Bir bölek teletin ata uýan bolup dur. Bir bölek teletin bolsa ite bukaw bolup dur.
***
Biri maňa hasasyna söýenip, eglip barýan ýaşulyny görkezip:
- O ýaşuly eli hasaly bolsa-da eglip ýöreýär-le? - diýdi.
Men ol hiç zada äwmeýän wäşi ýigide:
- Belki, ol ýitiren ýaşlygyny gözleýändir- diýip jogap berdim.
***
Arkamda halk bar diýip buýsanma! Belkem, şol halkyň ykbaly saňa baglydyr.
***
Erkegi masgara edýän zat- onuň binamyslygy bolsa, aýaly masgara edýän zat- onuň bimessepligidir.
***
Durmuşda ukybyna görä kär saýlap bilmeýän ynsan- iň betbagt ynsandyr.
***
Ussa jaý saldy. Boýy ýetensoň görse, diwar gyşyk ekeni.
Ussa ilkinji kerpiji gyşyk goýandygyny şonda bilip galdy.
***
Bir ýaşuly ýaş ýigide durmuşa düşünýänçä akyl öwretdi. Ol ýigit welin kämilleşip, ol ýaşulynyň başyna ýetdi.
***
Duşmanyň bal berse-de, seniň üçin zäherdir!
***
Peýda görmek üçin dost bolýan adam, duşmanyňdanam hatarlydyr.
***
Eger bir adam bagtsyzlyga uçraýanda-da, onuň ýanynda wepaly dostlary duran bolsa, oňa hiç haçanam bagtsyz diýip bolmaz.
***
Mert ýigidiň balyna kyn iş düşse, ol duşmanyna gargamaz-da, haraýy ýetmedik dostlaryna gargar.
***
Sen barmaklaryň uzynly-gysgalydygyna, ejizdigine gynanma. Eger sen ol barmaklary bir ýere jemläp bilseň, äpet bur ýumruk emele gelýändir.
***
Eger it bilen möjek dost bolaýsa, malyňdan-a geçersiň. Ýöne çopanyňdanam ägä bol!
(Eger islenilse ýene dowamy bar))))))