Durşy bilen gussa doly ömrümi,
Gurşap aldy şowsuzlygyñ kelebi.
Ýañy-ýakyn toýuñ diýip eşitdim,
Bagtyñ bolsun arzuwlarmyñ melegi.
Hawa, şükir, menem sag-gurgun,
ýöne,
Ýatlamalar lagşadypdyr ebtimi,
Özge ýigit doldumy meñ ýetmezim...-,
-Menden geçip saýlanyña degdimi?!.
Ah! Bolýa-la, owaldan şor mañlaýym,
Ýazgydyma kaýyl bolmak şükirim,
Eger durman, urup dursa ýüregim,
Menem bagtyñ çadyryny dikerin!.
Begenerin, eger öñde hem soñda,
Hasyl bolsa iñ ullakan dilegim-,
- Çynym bilen dileg etjek şanyña,
Bagtyñ bolsun arzuwlarmyñ melegi...
Awtory: Baýram Bejidow