Ovezova_
09.09.2021 19:09
Seniñ ,,söýgi" diýýän zadyñ,
Diñe aýşy-eşretmidi?,
Ýetilmedik boş hyýalmy-,
- Durşy bilen hesretmidi?.

Seniñ ,,söýgi" diýýän zadyñ,
Gussa bilen kinemidi?,-
-Düme biten däne ýaly,
Ösüp barýan şinemidi?.

Seniñ,,söýgi" diýýän zadyñ,
Gök manatmy ölçegi hem?-
-Onsañ şol gök manatlaryñ,
Özgertýämi geljegi hem?.

Sähelçejik duýgy bilen,
Çogýan bolsa göwün-şadyñ,
Söýgi dälde keýp bolýar,
Seniñ ,, söýgi" diýýän zadyñ...

Awtory: Baýram Bejidow
8
155
Ovezova_
10 Sentýabr 2021
Gülşat Ataýewa,shu dowurde yazylan goshgyda🙂
gulshatayewa97
9 Sentýabr 2021
Edil şu döwrüň goşgysy ýaly... Gök manatmy ölçegi hem?
guli_
9 Sentýabr 2021
👏👏👏👍
Gülhan
9 Sentýabr 2021
Söýgi bu lezzetmi?!
Söýgi- bu ejir! 😑
gülmek_ömürden
9 Sentýabr 2021
Wooooot manyly ❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.