guli_
29.08.2021 00:19
Kazam dolup öljegimi bilemde
Ýeňsiz ýansyz ak köýnegi geýemde.
Iň soňky gün agaç ata münemde.
Hoşlaşmaklyk üçin gözlärin seni.

Asmana bakdyrlyp ýatanda başym.
Ah çekip aglanda dogan gardaşym
Gara gözleriňde bir damja ýaşyň.
Görüp gitmek üçin gözlärin seni.

Ýada ýeller bolup sypap seň başyň.
Iň soňkyja gezek sypalap gaşyň.
Meň üçin akdyran ol ajy ýaşyň.
Hoşlaşmaklyk üçin gözlärin seni.

Sen meni görmersiň diýsemde seret
Jesedim görersiň ruhyma derek.
Men bolsa hoşlaşyp iň soňky gezek
Daşlaşmaklyk üçin gözlärin seni😢


(Bir biriňizin gadryny biliň.Belki,ertir gic bolar hemme zada)👍
14
258
Senem.p
1 Sentýabr 2021
Salam.oran govy gosgy 👍❤️
guli_
30 Awgust 2021
Myhman Myhman,Salam gosgyn awtory men dal gosgy yazamok men!
Myhman Myhman
30 Awgust 2021
Slm guli sen gosgy yazmany halayanmi diyyan aa
Läle🌼
30 Awgust 2021
Gaty manyly ☹️
Myrataly
29 Awgust 2021
😔😔😔😔
Gülhan
29 Awgust 2021
Guli_, bildirya ☹️
guli_
29 Awgust 2021
Гульхан,Su gosgy gaty ervet yuregimi ezip gecdi😢
Gülhan
29 Awgust 2021
Hoşlaşmaklyk üçn gözlärin seni..
Kuwadowna04
29 Awgust 2021
🙍🙍🙍🙍🙍🙍dogry aydyan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.