Bir gün bir taksa mündük.
Aman, aman, eý, aman!
– Beýle-de sürmek bormy?
– Sürmek bolar, doganjan,
Plan dolmaly, plan!
Şeýle bir sürýär welin – owsun atýar uçmaga.
Tasdan tigriň astynda
kerçelipdi bir çaga.
– A-haw, gardaş, ägä bol!
– Aý, ol zatlar owarram.
Hiç zat bolmaz, çagadyr.
Plan dolmaly, plan!
Täze Köşiň öňünde köne Gökjäň deňinden,
Öýkenmizi dolduryp
Büzmeýiniň çaňyndan,
Uçup barýas Gökdepä.
Saýgardanok ýer-asman.
– Ýuwaşrak, haw, halypa!
– Plan dolmaly, plan!
Diýdim: «Her bir adamyň çagasy bar, öýi bar.
Şu gün tutýan toýy bar,erte tutjak toýy bar.
Seniňem-ä ýok däldir
Öz maşgalaň, öz balaň!»
– Wah, şol balalar üçin
Plan dolmaly, plan!
– A-haw, plan diýen zat adam üçin dörýän zat.
Samolýot – uçmaly zat, maşyn bolsa – ýörýän zag.
Şonuň üçin az-owlak
Seresap bol, gadyrdan!
– Seresapdan çörek ýok,
Plan dolmaly, plan!
Sanjak ýaly ýaş gelin ylgap geçdi köçeden.
Akja bäbek tasdanam
aýrylypdy ejeden.
– Baý, şu ýollaň ugrunda
Kaňkap ýören heleý kän.
Oturyň-da öýňüzde!
Plan dolmaly, plan!
– Şeýle gelinler dälmi
ýollarmyzyň gelşigi!
Şeýle gelinler dälmi
Ýeriň göwher eşigi!
Neneň şolaň üstüne
Sürnüp bilýäň uýalman?
– Aý, gardaş jan, gelin köp!
Plan dolmaly, plan!
Kesip geçdi köçäni ak göleli ak sygyr –
Plan diýilýän zatdan
düşünjesi ýok sygyr.
– Ýeri, ýoluň üstünde
Nä görüň samsyk haýwan!
Ýat-da bar-da döläňde!
Plan dolmaly, plan!
Garşymyzdan gübürdäp, zopma çykdy MAZ-maşyn.
Äsgermezlik edäýseň
şepagaty az maşyn.
Goja şofýor zor eken – etdi ussat öwrümi.
Ýogsa dagy «Wolganyň ýoljakdy bir böwrüni.
Diýdim: «Tas-a planmyz
Dolupdy, halypa jan!»
– Aý, bir başa bir ajal,
Plan dolmaly, plan!
Diýdim: «Men-ä hiç weli, şu oturan çal zenan,
Güneşli ülkämize bir ýerden gelen myhman!..»
Ol diýdi: «Myhman bilen
Taksa münmezler, dost jan!
Taksi diýilýän zatda
Plan bar, inim, plan!»
Soňra diýdi: «Düşün, dost,menem ýalňyz-ýeke däl
Meniň ekleýänlerim bir adam ýa iki däl.
Diňe balam-çagam däl,
Başga-da köp ymtylýan!
Planyň daşyndanam
Ýene-de pylan, pylan, pylan...»
Eýdip-beýdip sag-aman baryp ýetdik menzile.
Ýöne weli kalbymda gopdy şeýle zenzele:
Öz wagtynda bogulmasa nebis diýilýän Ýylan,
Adamda ne ynsap goýjak, ne-de bir wyždan!
Planam zerur weli,
Şol ullakan belaň
Garşysyna göreşmek hem
Iň ullakan plan,
Iň wajyp plan!