guli_
28.08.2021 09:59
Plastika zyňyndylardan ýangyç öndürilýär


Soňky ýyllarda plastikadan öndürilen önümleriň zir-zibilleri dünýäniň alymlaryny, ekologlaryny uly alada goýýar. Olaryň hasaplamalaryna görä, dünýä ummanlarynda we zibilhanalarda häzirki wagta şeýle galyndylaryň 5 milliard tonnasy jemlenipdir. Olaryň köpüsi örän zyýanly hasaplanylýar we daşky gurşawa, gämi gatnawlaryna uly zyýan ýetirýär. Ýakynda Amerikanyň Perdýu uniwersitetiniň alymlary ol zyňyndylardan ýangyç öndürmegiň usulyny oýlap tapdylar. Alnan önüm benzine hem-de dizel ýangyjyna meňzeş bolup, ol plastiki zyňyndylaryň düzümündäki poliprofenden alynýar. Şeýle usulda alnan benzindir dizel ýangyjy ýokary hilliligi bi-len tapawutlanýar. Olary awtoulaglarda hem-de beýleki tehnikalarda ýangyç hökmünde peýdalanyp bolýar.
12
166
ideallider
28 Awgust 2021
Hehe Perdýu uniwersiteti. Bet ady bar ekenaý😄👍
Kuwadowna04
28 Awgust 2021
Bah bilmandim ayden dine baklaska yygnap yorler dp berekella👏👏👍👍👍👍
gülmek_ömürden
28 Awgust 2021
Bilemokdm🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.