guli_
20.08.2021 14:40
Reňkli çöl

Täsin keşbe eýe çölleriň ýene biri Demirgazyk Amerikada ýerleşýär. Daşdan seredeniňde, çöl suratkeşiň boýaglarynyň dökülip, reňkleriň garyşan görnüşine meňzeýär. Çölüň diňe ýerüsti bölegi däl, eýsem ýerasty bölegi hem reňklidir. Ony gazanyňda täsin ýagdaý emele gelýär, ýagny bir depim gumda birnäçe reňke gabat gelinýär. Gatbar-gatbar reňklere beslenen çöle başgaça «torta meňzeş çöl» hem diýýärler. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Arizona ştatynda ýerleşýän bu çöl 19,4 müň inedördül kilometr çägi eýeleýär. Alymlar gadymy döwürlerde bu ýerleriň gür tokaýlyk bolandygyny tekrarlap, millionlarça ýylyň dowamyndaky tebigy hadysalara görä, şeýle owadan hem täsin reňkleri özünde jemleýän görnüşe eýe bolandygyny aýdýarlar.
5
82
Myhman Myhman
21 Awgust 2021
👍👍👍👍
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
21 Awgust 2021
👏👏👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.