guli_
20.08.2021 14:38
Ak çöl

Günorta Amerika materiginde ýerleşýän täsin çölleriň ýene biri Boliwiýa döwletinde ýerleşýär. Salar de Uýuni diýlip atlandyrylýan çöl gumdan däl-de, duzdan ybarat. Çöl ak öwüşginde öwsensoň, oňa «Ak çöl» hem diýýärler. Bu çöl dünýäniň iň uly duz çölüdir. Çöl diňe duzly bolmak bilen däl-de, onda dürli himiki birleşmelerden ybarat tebigy baýlyklaryň köplügi bilen tapawutlanýar. Çöl 10582 inedördül kilometr çägi tutup, onda natriý, potassiý, magniý we brom ýaly gymmatly himiki birleşmeler bar. Bu ýerde duzuň 10 milliard tonnadan gowrak gory bolup, her ýylda onuň 25 müň tonnasy senagat ähmiýetli gazylyp alynýar.
5
58
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
21 Awgust 2021
👏👏👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.