Suwa bol çöl
Çöl diýilse, ilki bilen, suwuň gytlygy, beýik-beýik alaňlar, ýokary gyzgynlyk, ymgyr gumluk göz öňüne gelýär. Emma Braziliýada ýerleşýän Lenkois Maranhenses diýlip atlandyrylýan çölde welin, suw gytçylygy bildirenok. Bu ýerde käbiriniň beýikligi 40 metre barabar bolan uly alaňlar bolup, olaryň arasynda uly köl derýa ýaly uzalyp gidýär. Bu çölüň suwlarynda balyklaryň käbir görnüşlerine hem duş gelmek bolýar. Täsin kölli çöli synlamaga, kölüň boýunda dynç almaga her ýyl müňlerçe jahankeşde gelýär. Çöl 1550 inedördül kilometr meýdany eýeleýär.