Aşpez robot satuwa çykaryldy.
«Moley Robotics» kompaniýasy 2015-nji ýylda nusgalyk görnüşi tanyşdyrylan aşpez robotlaryň satuwa taýýar edilendigini mälim etdi. Bu robotlar naharlaryň, işdäaçarlaryň we beýleki tagamlaryň bäş müňden gowragyny bişirip bilýärler. «Eli süýji», işeňňir robot gap-gaçlary hem ýuwýar. «Moley Robotics» kompaniýasy 2015-nji ýylda Germaniýanyň Gannower şäherinde geçirilen iň abraýly tehnologiýa sergisi hasaplanýan «Hanover Messe»-de aşpez robotlaryny köpçülige görkezipdi. Köp ýyldan bäri üstünde işlenilýän robotlar önümçilige doly taýýar edildi. Robotyň aşhanada öý eýesine iş goýmajakdygy bellenilýär. Bu enjam aşhananyň petigine demirýol ulgamy arkaly birikdirilýär. Onuň uzyn iki goly bar. Robot öndürmek bilen meşgullanýan «Schunk» kompaniýasy bilen bilelikde taýýarlanan bu gollar gazan, tabak, taba, susak ýaly dürli aşhana gap-gaçlaryny we gurallaryny ökdelik bilen ulanýar. Onuň çeýe barmaklary gaz pejini we «akylly» öý enjamlaryny işledip bilýär. Robotyň ýüzündäki optiki kameralar aşhanada nämäniň nirede durandygyny görüp, onuň üç ölçegli kartasyny döredýär. Şeýlelikde, özi üçin gerek bolan guraly, nahar taýýarlamakdaky azyk önümlerini ulanyp bolandan soňra, arassalap, ýerli-ýerinde goýýar. Aşpez robot täze nahar bişirmegi öwrenmäge hem ukyply. Munuň üçin başga bir aşpeziň nahar bişirişine syn etmegi ýeterlik. Robot nahar bişirýän adamyň her bir hereketini sypdyrman synlap, edil şolar ýaly tagam taýýarlaýar. Robotyň haýsy nahary taýýarlamalydygyny onuň ýüzünde ýerleşdirilen sensorly ekrandaky sanawdan saýlamak ýeterlik. Bu roboty gurmak üçin aşhananyň ýörite dizaýn edilmegi zerurdyr. Robotyň ýönekeý görnüşiniň 135 müň dollardan, has çylşyrymly görnüşiniň 338 müň dollardan satuwa çykaryljakdygy mälim edildi.