barlagcy
18.08.2021 18:13
Biz bile meýdanda sogan ýygypdyk,
Şol ajyly meýdan tagamlydy has.
Ykmanda dostlamdan gaçyp gijeler,
Gözleňde gizlenip bolardym halas.

Ir bilen meýdanda garaşardym soň,
Seň geljek ýoluňa garagym dike.
Sen üstünde gezseň ýaşyl öwserdi,
Göge döşün serip "garawul depe".

Bir günem üstüme ýykyldy dünýä,
Ýaglygyňy sogrup gyňaç daňdylar.
Biz birek-biregi ynjytjak däldik,
Ejeler durmuşy kynlaşdyrdylar.

Arzuwlarmyz, arzuw bolup galaýdy,
Ykballaň gözüne sokdular iňňe.
Bu gün gulagyma şum habar degdi,
Ýaşaýan dünýämden gidipdir Dünýe.

Ýüregi tämizim, ýüregmi ýolduň,
Asman mazarlykda başyn egip dur.
Saňa birje sözi aýtmaklyk üçin,
Guburyňa giräýesim gelip dur.

Ýazmyrat Çörli
9
140
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
18 Awgust 2021
👏👏👏👏👏👏👏👏👍👍👍👍
guli_
18 Awgust 2021
👏👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.