guli_
17.08.2021 14:32
Näme üçin pallaýarys

Alym­la­r 2 müň ýyl­dan bä­ri pal­la­ma­gyň se­bäp­le­ri­ni öw­ren­mä­ge ça­lyş­ýar­lar. Köp­lenç, ýa­daw­lyk, iç­gys­gynç­lyk ýa-da baş­ga bi­ri­niň pal­la­ýa­ndygy­ny gör­mek pal­la­ma­gy­my­za se­bäp bol­ýar. ABŞ-nyň Me­ri­lend uni­wer­si­te­ti­niň psi­ho­lo­gy Ro­bert Pro­waýn pal­la­ma­gyň nä­hi­li bo­lup geç­ýän­di­gi­ni öw­ren­mek üçin ge­çi­ren ama­ly bar­lag­la­ry bi­len ta­nal­ýar. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, bel­li grek luk­ma­ny Gip­pok­rat 2500 ýyl mun­dan ozal bu ugur­da il­kin­ji bar­lag­la­ry ge­çi­rip­dir we «pal­la­mak be­de­niň ýa­ra­maz ho­wa­sy­ny aras­sa­la­ma­ga kö­mek ed­ýär» di­ýen ne­ti­jä ge­lip­dir. Luk­man­lar XIX asy­ra çen­li bu pi­ki­riň dog­ru­dy­gy­ny ka­bul edip­dir­ler. XIX asyr­da alym­lar pal­la­ma­gyň kö­mür­tur­şy ga­zy­ny be­den­den aýyr­ýan­dy­gy­na we ga­na has köp kis­lo­ro­dyň gir­me­gi­ne ýol aç­ýan­dy­gy­na göz ýe­tir­ýär­ler. Pal­la­mak ba­ra­da­ky na­za­ry­ýet­ler­de onuň «ýo­kanç­dy­gy­na», ýag­ny bi­ri­niň pal­la­ny­ny gö­ren ada­myň hem pal­la­ýan­dy­gy­na has köp üns be­ril­di. Pro­waýn adam­la­ryň 50 gö­te­ri­mi­niň bi­ri­niň pal­la­ny­ny gö­re­nin­de, oňa pal­la­mak bi­len jo­gap ber­ýän­di­gi­ni aýd­ýar. Alym «Ol şeý­le bir ýo­kuş­ýar we­lin, pal­la­ýan bi­ri­ni gör­mek ýa-da ol ba­ra­da eşit­mek, hat­da pal­la­mak ha­kyn­da oka­mak hem pal­la­ma­ga se­bäp bo­lup bil­ýär» di­ýip bel­le­ýär.
Şweýsariýanyň Bern uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­so­ry Kris­ti­an Hess köp­çü­li­giň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len bar­lag­la­ra esas­la­nyp, to­pa­ryň için­den bi­ri­ pal­la­sa, şol ýer­de uky at­mos­fe­ra­sy­ny dö­re­dip bil­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär. Adam tolgunan wag­ty hem pal­la­ýar. Tür­gen ýa­ryş­dan öň, aý­dym­çy ýa-da sa­zan­da kon­sert­den öň az-kem tol­gun­ýar we şo­nuň ne­ti­je­sin­de has köp pal­la­ýar. Şo­nuň üçin hü­när­men­ler pal­la­ma­gyň beý­ni­ni oýa­ry­jy aý­ra­tyn­ly­gy­nyň bar­dy­gy­ny, ukyň ge­len wag­ty hem beý­ni­ni oýar­mak üçin pal­la­mak ýag­da­ýy­nyň ýü­ze çyk­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.
Go­laý­da Nýu-Ýork uni­wer­si­te­ti­niň yl­my iş­gä­ri Endr­ýu Gel­lap tä­ze pi­ki­ri or­ta at­dy. Gal­lu­pyň pi­ki­ri­çe, pal­la­mak beý­ni­ni gyz­mak­dan go­ra­ýar. Eňe­giň giň­den açyl­ma­gy kel­lä­niň için­de gan aý­la­ny­şy­gy­na, ar­tyk­maç ýy­ly­ly­gyň paý­lan­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär we pal­la­nyl­ýan wagt­da al­nan dem bi­len beý­ni­ni so­wad­ýar.
6
153
Myhman Myhman
18 Awgust 2021
👍👍👍👍👍
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
17 Awgust 2021
Haýran galaýmaly !Pallaýan çagany görüp pallaberdim menä!!.....👏👏👏👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.