Damarlary arassalamak üçin täsirli melhem
Ýokary gan basyşynyň we dowamly ýadawlygyň netijesinde döreýän kellagyry, şeýle-de gulagyň şaňlamagy, ýadyň bozulmagy köplenç damarlaryň geçirijilik ukybynyň peselendigini görkezýär. Wagt geçdigiçe gan damarlarynyň diwarlarynda ýygnanan holesterin galyndylary, kislorod we ýokumly maddalaryň organlara, şol sanda beýnä barmagyna päsgel berýär. Hut beýni damarlaryň umumy ýagdaýynyň ýaramazlaşandygy, şol sanda, damarlaryň arassalanmalydygy barada habar berýär. Halk tebipçiligini ulanyp, aterosklerozyň öňüni alyp bolýar, esasan hem, usullar köp bolup, käbirlerini ýerine ýetirmek gaty ýönekeý.
5 sany hozuň maňzyny owradyp, oňa 1 nahar çemçesi möçberinde bal, bir çümmük dalçyn we guradylan zenjebil goşup garyşdyryň we sowadyjyda 24 sagat goýuň! Melhemi nahardan ýarym sagat öň günde 3 gezek ulanyň!
Täze sykylan 1 bulgur sogan suwuny bir bulgur bal bilen garmaly. Melhemi günde 3 gezek, nahardan ýarym sagat öň, bir çaý çemçesi möçberinde içiň! Ýeri gelende aýtsak, bu melhem bedeniň gorag ulgamyny berkidip, sowuklamanyň öňüni alýar.
Garyjyda 3 sany hozuň maňzyny 2-3 dilim ananas bilen birlikde üwäň hem-de tabaga salyp, sowadyjyda goýuň! Garyndyny nahardan 30 minut öň, günde 4 gezek iýiň! Melhem bir-iki güne ýeterlik edilip, şondan soň täze melhem taýýarlanmalydyr. Birbada köp mukdardaky maddany garyşdyrmak maslahat berilmeýär, beýle ýagdaýda melhem peýdaly häsiýetlerini çalt ýitirýär. Gan damarlaryny arassalamak üçin nar şiresini içmek hem örän peýdaly, ony nahardan ýarym sagat öň, ýarym bulgur içmeli. Nar şiresi alma we käşir şiresi bilen gezekleşdirilip bilner.