Ýer togalagynyň iň irki şekili
1492-nji ýylda taýýarlanylan Ýer togalagynyň şekili (globus) iň irki muzeý gymmatlyklarynyň biri hasaplanylýar. Elbetde, onda yklymlaryň, ummanlaryň ýerleşişinde nätakyklyklar bar. Ýöne ol şol döwürde syýahatçylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Ony meşhur nemes geografy, deňiz syýahatçysy, söwdagär Martin Behaým oýlap tapypdyr. Onuň ýasan Ýer togalagynyň şekili özüniň owadanlygy bilen tapawutlanýar we häzirki wagtda saklanyp galan şeýle şekilleriň arasynda iň irkisi hem-de möhümi hasap edilýär. Ýer togalagynyň bu şekili köp wagtlap Nýurnberg şäherindäki milli Nemes muzeýinde saklanypdyr. Häzirki wagtda şekil Wena şäherindäki muzeýde ýerleşýär. Goýberilen ýalňyşlyklara garamazdan, ol öz döwründe ylmyň ösmegine uly goşant bolupdyr.