KEÝPIM GÖTERILÝÄ...
Keýpim göterilýä ýadyma düşseň,
Arzuwlam ýaşaýar gözleň düýbünde.
Şat günleriň geljegine ynam bar,
Gussalarym solup galdy düýnümde.
Ertekiden çykyp gaýdan perim sen,
Asman, Zemin arasyndan saýlanym.
Seni şeýle uly güýç bilen söýýän,
Şeraby söýşi deý, Omar Haýýamyň.
Ýüregimi çokunduryp söýgüňe,
Bolup galdym, ne ynançsyz, ne dinli.
Bu gün kalendaryň, iň gowy güni,
Ezizim doldurýaň ýigrim ýediňi.
Içimiň şatlygy bir saňa belli,
Doglan günüň ykbalyma baýramdyr.
Hem owadan bolup, hem uzak ýaşap,
Mähribanym mydam başym aýlandyr.
Keýpim göterilýä ýadyma düşseň,
Ýadyma düşmeseň, düşürýän ýada.
Alyp uzaklardan seniň ysyňy,
Gaýyp ýörün howada…
Ýazmyrst Çörli