Daşary ýurtly alymlar ykjam enjamlary ýygy-ýygydan ulanmak, geljekde çagalarda semizlik howpuny ep-esli ýokarlandyrýar diýen netijä geldiler. Bu, smartfonyň ekeranyna ýaş çagalaryň yzygiderli seretmekleri bilen baglanyşykly bolup, olara ýaramaz tasirini ýetirýär.
Şeýle-de bolsa, çagalaryň smartfonlara we planşetlere bolan isleginiň ýaramaz hasiýetlerinden halas bolup bolar.
Munuň üçin ene-atalar ogluny ýa-da gyzyny wagtal-wagtal bedenterbiýe bilen meşgullanmaga endik etdirmelidir.
“Fiziki işjeňlik we saglyk” žurnalynyň habaryna görä, finlandiýaly hünarmenler bu barada gowy netije aldylar.
Alymlar 4,6 müň sany kämillik ýaşyna ýetmedik meýletinçi ýaşlaryň gatnaşan synagyny geçirdiler.
Ene-atalar çagalarynyň ykjam enjamlary ulanmagyň ýygylygy, fiziki işjeňlik derejesi, uky problemalary we iýmitleniş endikleri baradaky soraglaryna jogap aldylar.
Netijede, maşklaryň ykjam smartfonlara garaşlylygyň ýaramaz täsirlerini zyýansyzlandyryp biljekdigi ýüze çykdy.
Gözlegçileriň pikiriçe, çaga hepdede azyndan 6 sagat ýa-da günde 1 sagat fiziki taýdan işjeň bolmaly.
Bu ýagdaýda, smartfonlaryň ýaş eýelerine olaryň zyýany barada aladalanmasak hem bolýar.
Çeşme:belnovosti.by@yandex.ru
Taýýarlan: Muhammet Mahmudow