EDEBIYAT ALEMI
13.01.2020 11:54
DISLERINE!
Dür Derýadan çyka bilmez,
Nazar kylsa dişleriňe.
Dowzah meni ýaka bilmez,
Ýanyp men ataşlaryňa.

«Leýli-Şirin saňa taýdyr» –
Diýseler, ol söz bijaýdyr.
Elip deý kamatym ýaýdyr,
Sežde eýläp gaşlaryňa.

Bu dünýä hem ruzu-magşar,
Haýyr etseň haýyr,
şer etseň şer,
Rahmet gökden ýerge düşer,
Degip gara saçlaryňa.

Çoh sygynmyşam özüňe,
Ýetmişem kelam sözüňe,
Mynasyp eýle ýazyňa,
Duçar etme gyşlaryňa.

Tapmaklykda müşgül kändir,
Tapmaslyk besi asandyr,
Bende men, aklym haýrandyr,
Sungatyňa, işleriňe.

Nepes diýer, çeker zaryň,
Mydam arzuw seň didaryň,
Jan pidasy, men seň ýaryň,–
Ýüzüm sürtsem daşlaryňa!

MOLLANEPES
8
687
Berdi s ý
15 Yanwar 2020
Nesip bolsa girip gidersiñ gowja okasañ
Berdi s ý
14 Yanwar 2020
ذ nokadyny aýyrsañ dal bolar ☺
Soltanly
13 Yanwar 2020
Dal harpy hem edil ýaý şekilli däl. Dal harpy: ذ.
Elip (Elif) harpy: ا.
Magtymgulyda:
Elip kaddyň dal bolar.
Diýen setir hem bar. Garranyňdan soň elif ýaly dik kaddyň dal ýaly bukuler diýýädä Magtymguly atamyz
Leylaşka
13 Yanwar 2020
2002. Yokla teswir hakym bar welin kitaplar bn azajyk basagay bolyan. Bu yyl egzamine girip talyp bolmaly men ?
Berdi s ý
13 Yanwar 2020
Sen hakda okap bildim. Teswir hakyñ dolly öýtýän?
Berdi s ý
13 Yanwar 2020
97. Sps sañada☺. Sen naçinji yyl
Leylaşka
13 Yanwar 2020
Sen nacinji yyl. Bolya ustunlik edebiyat meydanynda. Ol şey bir gindir. içine aralasdygynca gyzyklanyar
Berdi s ý
13 Yanwar 2020
Hawa manysy bu
Leylaşka
13 Yanwar 2020
Senin gaslaryna sezde eyledim we elip yaly kamatym yaya owruldi diyya ha
Berdi s ý
13 Yanwar 2020
Okamak gowy zat. Edebiyat bn aram gowy☺. Kitap meniñ dostum?. ? yazdym nm many añlatyanyny.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.