Täsinlikler dünýäsinde
Her bir agaç ýylyň dowamynda 113 kilogram kislorody bölüp çykarýar. Bu bolsa, iki sany uly agaç 4 adamlyk maşgalanyň ýyllyk kislorod zerurlygyny üpjün edip bilýär diýmekligi aňladýar.
Häzirki wagtda dünýädäki iň uly agaç Kaliforniýanyň Milli bagynda ösýär. Onuň boýy 112 metre, diametri 9 metre, ýaşy bolsa 2 müň ýyla barabar hasaplanýar.
Ömrüniň dowamynda bir agaç ortaça müň tonna kömürturşy gazyny sorup, fotosintez hadysasy esasynda kisloroda öwürýär.
Iň ýiti ýaprak Täze Gwineýada ösýän putang atly otuň ýapragy hasaplanylýar. Ýerli ýaşaýjylar putangy «tebigy päki» hasaplaýarlar.
Hindi ummanynyň kenarynda ýaşaýan ilat iň berk hasaplanýan pandanus agajynyň ýapragyndan sebet örýärler.
Kiparis agajynda ortaça 45-50 million ýapragyň bardygy anyklanandyr. Dub agajynda bolsa 250 müň den gowrak ýaprak bolýar.
Malaýziýada ösýän treswi agajynyň ýapraklary ençeme esse ulaldylan gar tozgalaryna meňzeşdir.
Afrikada duş gelýän akbaba guşy 4000 metr belentlikden uçup barýarka ýatan keýigiň ukudadygyny ýa-da däldigini saýgaryp bilýär.
Uly guşlaryň her biri günde 200-e golaý ululy-kiçili çekirtge iýýärler we olaryň iýmitiniň 80 göterimini gönüganatlylar tutýar. Guşlaryň çekirtgelere hüjümi jüýjeleýän wagty 2-3 esse artýar.
Albatros dünýäniň iň uzyn ganatly guşy bolup, onuň ganaty gerlende uzynlygy 3,5 metre ýetýär. Bu iri deňiz guşy ömrüniň köp bölegini ummanyň üstünde geçirýär.
Biziň eýýamymyzdan öňki 551-479-njy ýyllarda ýaşap geçen hytaý akyldary Konfusiniň adyny göterýän kitaphanada bägüller hakynda 600 tomdan gowrak kitap bar.
ABŞ-nyň Arizona ştatynda ösýän «Lady Banks» atly bägül agajynyň bir düýbi 200 müňden gowrak gül berýär. Ol bu täsinligi bilen Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun aldy.
Tebigy bägül ýagy dünýä bazarlarynda iň gymmat haryt hasaplanýar. Onuň 1 kilogramyny almak üçin, ortaça, 3 tonna gülüň ýapragy gerekdir.
Demirgazyk Amerikada duş gelýän Rudbekiýa atly sary-gara reňkli gül öz owadanlygy bilen tapawutlanýar. Ýerli halk ony «Gara gözli Sýuzanna» diýip atlandyrýar. Germaniýalylar bolsa oňa «Gün şyrdagy» diýýärler.
Bägülüň ýapragynda C witamini bolup, ol lukmançylykda ýüzüňe ýapgy taýýarlamakda we hoşboý ysly atyr öndürmekde giňden peýdalanylýar.