Çykanmyzda obamyzyň çetine,
Al şapakdan ot alypdy bar zemin.
Men özümiň nirdedigim bilemok —
Barýaryn seň bilen birleşen kimin.
Üşedýändir öýdüp çyg damjalary,
Otlar seniň aýagyňa dözenok.
Assa öwsüp geçýär duşuňdan şemal,
Timar beren saçlaryňy çözenok.
Begres donuň nagyşlary enaýy.
Gara saçyň örümi deý keşde ýok.
Nurlanyp barýarsyň elwan şapakdan,
Gül gülmi, sen gülmi — bilip bilemok.
Ýer ýermi, biz ýermi — bilip bilemok,
Çüňki hemmeje zat şeýle bir gözel.
Göwnüňe bu şapak, arassa dünýä
Sygmajak bolup dur dumanly göze.
Biz ikiçäk bütin ýeriň ýüzünde,
Eýýäm gündogardan gün göge galýar.
Aramyza düşse düşsün adamzat,
Ýöne ýeke adam düşmese bolýar.
Gurbannazar Ezizow