1)Şarikli ruçkalar ilkinji gezek 1945-nji ýylda satuwa çykdy. Şonda onuň
12 dollar bahasy bardy.
2)Taýlandyň paýtagty Bangkokda her aýda piller bilen baglanyşykly ýol-transport hadysalarynyň ýigrimä golaýy bolýar. Bu äpet haýwanlaryň 1600-si her gün Bangkokuň köçelerine çykýar.
3)Soňky 500 ýylyň dowamynda Ýeriň agramy kosmiki serişdeleriň hasabyna bir milliard tonna artdy.
4)Gyzgyn suwuň sowuk suwa garanyňda agramy agyrdyr.
5)Eger 111 111 111 sany edil özüne köpeltseň, onda şunuň ýaly täsin sanlar emele gelýär: 12 345 678 987 654 321 (sanlar tertip boýunça ilki ulalýar,
soňra kiçelýär).
6)Kosmosa uçan ýeke-täk är-aýal— amerikan astronawtlary Jen Dewis we Mark Li dagy boldy. Olar 1992-nji ýylyň 12-20-nji sentýabrynda kosmosda bolan «Endewer» kosmiki gäminiň ekipažynyň hataryna girdiler.
7)Kelpezäniň dili onuň özünden iki esse uzyndyr.
8)Amerikanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýanlaryň her ikinjisi 40 ýaşyna
çenli millioner bolaryn diýip çaklaýar.
9)Kosmiki gämi 10 minudyň dowamynda Ýeriň üstüniň 1 million inedördül kilometrini surata düşürip bilýär. Uçardan şonça meýdany surata düşürmek üçin 4 ýyl gerek bolar,geologlara we geograflara bu kär 80 ýyl iş bolardy.
10)Ikinji müňýyllygyň başynda (1000-nji ýyl) Ýeriň ilaty 400 million adam
bolan bolsa, şol müňýyllygyň ahyrynda (1999-njy ýyl) bu san 6 milliarda ýetdi
∆∆∆∆∆∆∆∆∆∆∆∆∆∆∆∆∆∆∆∆∆∆∆∆∆∆∆